Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ II Türkmen — Özbek forumynda täze ylalaşyklar gazanyldy ✦ ✦ Türkmenistan Hytaýyň hakara söwda sergisine gatnaşmaga çagyryldy ✦ ✦ Aýdym-saz ynsanyň göwün syrdaşy ✦ ✦ Ylym-bilim – ösüşiň kämil çeşmesi: ýaş nesillere ylym-bilim bermegiň täze usullary ✦ ✦ Mugallymlar häzirki zaman pedagogikasyny öwrenýär ✦ ✦ “Kids Expo 2024”: Türkmen wekiliýeti halkara hyzmatdaşlygyny güýçlendirýär ✦ ✦ Täze bilim sebitlerinde hyzmatdaşlyk ✦ ✦ Türkmen talyplarynyň Halkara taslama bäsleşiklerinde üstünligi ✦ ✦ Gözlegçiler süýdemdirijileriň beýnisiniň ösüşini görkezýän 3D atlas döretdi ✦ ✦ Türkmenistanyň hünär biliminiň ösüşinde DARYA maksatnamasynyň orny ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /Galkynyşyň bady bilen ösüşiň täze sepgitlerine tarap
  13.06.2023
556
Galkynyşyň bady bilen ösüşiň täze sepgitlerine tarap

Eziz ýurdumyzda Arkadagly Serdarymyzyň başda durmagynda mähriban halkymyzyň jebisligini, ýaş nesilleriň pederlerimiziň ruhy gymmatlyklaryna, milli ýol-ýörelgelerine ygrarlydygyny alamatlandyrýan guwandyryjy sepgitler gazanylýar. Halkymyzyň buýsanjy, ösüşli günleriň badalgasy bolan asylly maksatlar hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ata Watanymyzyň döredijilik kuwwatynyň artmagyna esas döredýär.

Yzygiderli gurlup ulanmaga berilýän we meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň bellenen möhletlerde alnyp barylmagyny hem-de ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gazanmak maksady bilen netijeli işler ýola goýulýar. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň we maýa goýum Maksatnamasynyň taslamalaryny işläp düzmeklik, ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny okgunly ösdürmek ýaly wajyp wezipeler hem şol meseleleriň hatarynda durýar. Senagat we gurluşyk toplumynyň beýleki önümçilik kärhanalaryny taslama kuwwatlyklaryna çykarmak, ýurdumyzyň energetika pudagynyň kuwwatyny artdyrmak boýunça amala aşyrylýan işler oňyn netijelere beslenýär. Türkmenistanda ilatyň saglyk abadançylygyny üpjün etmek boýunça döwlet maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanylyp, olary amala aşyrmak boýunça işler üstünliklere beslenýär. Ýurdumyzyň halk hojalygy toplumynyň pudaklarynyň netijeliligini artdyrmak esasy üns merkezinde saklanylýar. Nebitiň we tebigy gazyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak, olaryň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak, gazy gaýtadan işlemek we gazhimiýa ulgamyna maýa goýumlary çekmegiň ileri tutulýan ugurlaryny ösdürmek, nebitgaz senagatynyň täze önümçiliklerini gurmak we olaryň daşky gurşawa täsirini azaltmak meseleleri barada netijeli pikir alyşmak babatda ylmy maslahatlar, forumlar gurnalýar. Alnyp barylýan bilim özgertmeleriniň çäklerinde berilýän bilimiň hiliniň döwrüň talaplaryna laýyk gelmegine uly üns berlip, häzirki zamanyň ösen tejribesi hem-de täzeçil usullary ornaşdyrylýar. Watanymyzyň, sebitiň we tutuş dünýäniň abadançylygynyň hem-de durnukly ösüşiniň bähbidine gönükdirilen möhüm taslamalaryň amala aşyrylmagy halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna uly täsir edýär.

Ýurdumyzyň şeýle taryhy ösüşleri hem şanly wakalary milli däplerine ygrarly bolan Türkmenistan Watanymyzyň häzirki günde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bedew bady bilen okgunly ösýändiginiň we halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň mundan beýläk-de ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen giň möçberli maksatnamalarydyr taslamalary üstünlikli amala aşyrýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. 

 

Aýgül OGMADOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 
4-nji ýyl talyby.