Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy ösdürmek we abadanlaşdyrmak, şäher düzümini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak meselelerine aýratyn üns berlip, innowasion tehnologiýalaryň, ylmy-tehniki ösüşiň öňdebaryjy gazananlarynyň hem-de bu ulgamda dünýäniň ösen tejribesiniň giňden ornaşdyrylmagy giň möçberli maksatnamalarynyň alnyp barylýandygyna şaýatlyk edýär. Şunuň bilen birlikde, Hormatly Prezidentimiz raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuşy, döredijilikli hem yhlasly zähmeti hem-de medeniýetli dynç almagy babatda has oňaýly şertleri üpjün etmegiň döwrebap ýollaryny salgy berýär. Munuň şeýledigine, alnyp barylýan belent sepgitli ýeňişleri, gurulýan döwrebap hem amatly desgalary synlanyňda doly göz ýetirmek bolýar. Ylym-bilim ulgamynda ýola goýulýan asylly başlangyçlar, netijeli çözgütler hem bagtly nesillerimiziň nurana geljeginiň aýdyň güwäsi bolup kalplara dolýar.
Bulardan başga-da oba milli maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň çäklerinde döwletimiziň ähli künjeklerinde täze, häzirkizaman obadyr şäherçeleriň, ýaşaýyş jaý toplumlarynyň köpsanlysynyň gurluşygy güýçli depginler bilen dowam etdirilýär, munuň özi, halkymyzyň hal-ýagdaýynyň derejesini has-da gowulandyrmaga gönükdirilendir. Şundan ugur alyp, sebitlerde bina edilýän ýaşaýyş jaýlarynyň we beýleki medeni-durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy, olaryň döwrebap derejede enjamlaşdyrylmagy bilen baglanyşykly meseleler aýratyn üns merkezinde durýar. Milli ykdysadyýetimizi we onuň ähli pudaklaryny ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlaryň möçberi hem barha artdyrylýar.
Halkymyzyň ýaşaýyş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak bolsa diňe ykdysady taýdan kuwwatly, durnukly ösüşi üpjün etmegi amal edýän döwletde mümkin bolýar. Şeýle hem Hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyçlary netijesinde «Altyn asyr» Türkmen kölüniň töwereginde täze obanyň döredilmegi hem aýratyn bellärliklidir. Berkarar Watanymyzda gurulýan desgalaryň belentden-belentligi, milli äheňli binagärlik aýratynlyklary, bezeg işleriniň ajaýyplygy, gözelligi, olarda bagtyýar raýatlaryň abadan ýaşamagy, işlemegi, dynç almagy üçin iň döwrebap şertleriň döredilýändigi her birimizi diýseň buýsandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde giň gerimde gurluşyklaryň ýaýbaňlandyrylmagy Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň belent waspyny şöhlelendirýär.
Kakageldi GELDIBAÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň 3-nji ýyl talyby.