Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Garaşsyzlyk — bagtyň we ösüşleriň gözbaşy ✦ ✦ Türkmen-hytaý gatnaşyklarynda täze sahypa ✦ ✦ Garaşsyzlyk — Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň binýady ✦ ✦ Halk Maslahaty – halkyň belent maksadynyň beýany ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti BOMCA-10 maksatnamasynyň jemleýji maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Halk maslahaty — jebisligiň nyşany ✦ ✦ III Aziýa medeniýet festiwaly geçirildi ✦ ✦ Türkmen–Emirlik işewürler forumy geçiriler ✦ ✦ BMG-niň edaralarynyň Türkmenistan üçin 2026-2030-njy ýyllara ýurt maksatnamalary tassyklanyldy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — ähli üstünliklerimiziň özeni ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Gahrymanlar unudylmaýar
  08.05.2021
680
Gahrymanlar unudylmaýar

     9-njy maýda biziň ýurdumyzda 1941–1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş güni mynasybetli birnäçe dabaralar geçiriler. Däp bolşy ýaly, paýtagtymyzyň «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynyň «Baky şöhrat» we «Milletiň ogullary» ýadygärligine we Berdimuhamet Annaýewiň adyny göterýän harby mekdepde ýerleşýän ilhalar mugallymyň heýkeline uruş weteranlarynyň hem-de ilkinji gezek harby weteranlaryň gatnaşmagynda gül goýluşyk dabarasy bolup geçer. Baýramçylyk mynasybetli Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň harby gullukçylarydyr esgerleri uruş weteranlaryň öýlerine meýletin baryp, gymmat bahaly sowgatlary gowşurarlar. Şeýle hem Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýünde harby gullukçylar tarapyndan Ýeňiş güni mynasybetli baýramçylyk konserti guralar. Aşgabat şäherinde ýerleşýän A.S. Puşkin adyndaky mekdepde ýurdumyzyň Daşary işler ministrligi tarapyndan Beýik Watançylyk urşunyň weteranlary bilen dabaraly duşuşyk geçiriler. Bulardan başga-da ýurdumyzyň dürli künjeklerinde, şol sanda harby bölümlerde, serkerdeler we esgerler tarapyndan 1941–1945-nji ýyllarda gazanylan ýeňşiň ähmiýetiniň uludygyny beýan edýän we urşa gatnaşan edermen ata-babalarymyza sylag-hormat goýýan çäreler geçiriler. Türkmenistanda şanly sene – 1941-1945-nji ýyllaryň urşunda gazanylan Ýeňşiň 76 ýyllygy giňden we dabaraly ýagdaýda bellenilip geçilýär. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde XX asyryň iň gazaply urşunyň söweş meýdanlarynda gaýduwsyzlyk bilen söweşip, edermenligiň we gahrymançylygyň deňsiz-taýsyz nusgasyny görkezen türkmenistanly gahrymanlar sarpalanýar.

     Halklaryň umyt-arzuwlary, olaryň Beýik Ýeňşiň hatyrasyna çeken edermenlikli zähmeti öz beýanyny tapan bu nurana baýramçylyk hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda ösüşiň we rowaçlygyň ýoly bilen ynamly öňe barýan türkmen halkynyň durmuşynda aýratyn orun eýeleýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeler biziň gaýduwsyz ildeşlerimize – 1941-1945-nji ýyllaryň urşunyň söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlarymyza çäksiz minnetdarlygymyzyň, olara bildirilen sarpanyň aýdyň beýanydyr. Şol gazaply uruşdan bäri köp ýyllar geçse-de, türkmen halky urşa giden gaýduwsyz ata-babalarymyzyň gahrymançylygyny, tylda galanlaryň  zähmet edermenligini we maşgala ojaklaryny goran zenanlarymyzy, enelerimizi hemişe hatyralaýar. Olaryň durmuşy häzirki nesiller üçin gaýduwsyzlygyň mekdebine öwrüldi. Türkmenistanlylaryň öçmez-ýitmez zähmet edermenligi häzirki wagtda türkmen halkynyň Garaşsyz hem Bitarap türkmen döwletinde bagtyýar durmuşda ýaşaýandygynyň girewi boldy. Ýurdumyzyň her bir raýatynyň mukaddes borjy mähriban topragymyzdaky parahatçylygy we ylalaşygy gözüň göreji ýaly goramakdan, Watanymyzyň şöhratyny artdyrmakdan  ybaratdyr. Wagtyň geçmegi bilen bu şöhratly baýram barha çuň many-mazmuna eýe bolup, nesilleri we halklary, biziň şu günki gazanýan üstünliklerimizi we mähriban topragymyzy basybalyjylardan goramak, onda parahatçylygy we asudalygy,  özleriniň ýakynlarynyň hem-de geljekki nesilleriň parahat durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek üçin fronta giden türkmenistanly esgerleriň edermenligini baglanyşdyrýan mukaddeslik bolup hyzmat edýär. Dünýäde baky parahatçylygy pugtalandyrlyp, dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmek ugrynda Belent Serkerdebaşymyz  uly-uly işleri amala aşyrýar. Goý Mähriban Arkadagymyzyň saýasynda ýyldan-ýyllar bereketli gelsin, toýlar tutylyp aýdyp aýdylsyn.