Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe 2024-nji “Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda 1941-1945-ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Beýik Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli “Mertler Watany beýgeldýärler!” ady bilen Tejen etrabynyň Tejen şäher medeniýet öýünde, Tejen, Babadaýhan Sarahs etrap häkimliginiň, medeniýet bölüminiň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde gurnamagynda aýdym-sazly dabara geçirildi. Dabara Tejen, Babadaýhan, Sarahs etraplarynyň çägindäki edara-kärhanalarda şeýle hem bilim ulgamynda zähmet çekýän işgärler, işjeň gatnaşdy.
Dabaranyň dowamynda Beýiň Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli çykyşlar ýaýbaňlandy. Soňra medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeginde aýdym-sazlaryň belentden belent ýaňlandy. Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşanlar Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan tutumly işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.
Aýsoltan Öwezowa,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň
Ahal welaýatynyň Tejen etrap birleşmesiniň
hünärmeni.