Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Bilim ulgamynyň ösüşi: mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumy ✦ ✦ Merkezi Aziýada ylmy hyzmatdaşlygyň täze tapgyry: mümkinçilikler we strategik ugurlar ✦ ✦ Aşgabatda uly futbol güni: "Arkadag" bilen "Al-Nassr" şu gün Olimpiýa stadionynda duşuşýar ✦ ✦ Türkmenistanyň ylmy kartografiýasy: giňişligi ölçemekden - ylmy garaýyşa çenli ✦ ✦ EKSPORT — Global bazara ýol ✦ ✦ Garagum çöli: ylmy barlaglar we durnukly ösüş mümkinçilikleri ✦ ✦ Emeli aňyň adamzadyň durmuşyna täsiri: peýdasy we töwekgelçilikleri ✦ ✦ "Bedew bady: güýç hem gözellik" atly döwletara bäsleşigi GDA gatnaşyjy ýutlaryň arasynda, yglan edildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Prezidenti Pakistanyň ýolbaşçylaryna gynanç hatyny iberdi ✦ ✦ Onlaýn söwda dünýäni nähili derejede üýtgedýär? ✦
Baş sahypa / Medeniýet /Gadymy türkmen topragy!
  23.12.2020
1062
Gadymy türkmen topragy!

      Taryhda türkmen topragynyň çäginde dörän gadymy şäherdir döwletleriň, köşgi-eýwanlaryň ýadygärliklerini synlanyňda, bu ajaýyp meýdanlarymyzyň diňe bir giňişlik däl-de, ýaşaýşyň gaýnap joşan, müňlerçe görnüşli janly-jandarlaryň, müň bir derde em bolýan dermanlyk ösümlikleriň mekany bolandygyna göz ýetirmek bolýar. Türkmen topragy diňe bir tebigy baýlyklaryň däl, eýsem,  şan-şöhraty bilen bütin dünýä ýaň salan beýik döwletleriň, şäherleriň, köşkdür galalaryň hem mekanydyr. Gündogardan Günbatara, Demirgazykdan Günorta tarap uzap gidýän halkara söwda ýollarynyň çatrygynda ýerleşen türkmen topragy irki döwürlerden bäri adamzadyň mekan tutup, ýaşan we yz galdyran ýerleriniň biridir. Arheologik gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde ýüze çykarylan gowaklar, türkmen topragynda has irki döwürlere degişli bolan düşelgeleriň bolandygyny görkezýär. Türkmenistanyň çäginde ilkinji adamlaryň örän ir wagtlarda ýaşap başlandyklary dünýä ylmynda tassyklanan hakykatdyr. Şeýle-de, mukaddes türkmen topragynyň ekerançylygyň iň gadymy ojaklarynyň biri bolandygy hem bu günki gün bütin dünýä aýandyr. Gadymyýetde türkmen topragynda döredilen ajaýyp şäherler şol döwrüň ylym, sungat we söwda merkezlerine öwrülip, dünýä medeniýetiniň ösüşine saldamly

goşant goşupdyrlar. Türkmen topragynda dörän gadymy Merw, Parfiýa patyşalygynyň paýtagty Nusaý, gadymy Köneürgenç ýaly ýadygärlikler bolsa adamzat medeniýetiniň ajaýyp dürdäneleriniň hatarynda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilendir. Adamzat taryhynyň irki döwürlerinde döräp, uly yz galdyran döwletleriň taryhyna ser salanyňda, olaryň, esasan, ýaşamak üçin zerur bolan tebigy şertleriň bar ýerinde emele gelendiklerini görmek bolýar. Çünki şäherleriň döremegi we ösmegi üçin olaryň tebigy ýerleşişi uly ähmiýete eýedir. Adamzat taryhynyň iň gadymy ojaklarynyň biri hasaplanylýan türkmen topragynda ýerleşen gadymy medeniýetler hakynda gürrüň edilende, esasan gadymy Altyndepe, Merw, Köneürgenç, Dehistan ýaly taryhda uly yz galdyran şäherler göz öňüňe gelýär. Türkmen topragyndaky şäherleriň ösüp şeýle belent derejelere ýetmegine, ylymda, medeniýetde we beýleki ugurlarda meşhurlyk gazanmagyna amatly şert döreden ýagdaýlaryň biri hem, onuň Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşmegidir. Çünki halkara söwda ýollarynyň ugrunda ýerleşmek köp taraplaýyn ösüşiň esasy şertleriniň biridir. Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi bolan Türkmenistan Watanymyzyň geografik taýdan amatly ýerde ýerleşmegi bu ýerde dörän şäherleriň ösmegine, öz döwrüniň ylymda, bilimde we medeniýetde kämilleşmegine oňyn  täsirini ýetiripdir. Türkmen topragy, uzak taryhyň dowamynda bolşy ýaly, biziň günlerimizde hem dünýäniň ünsüni özüne çekmegini dowam etdirýär. Geçmişde gür ilatly şäherleri, gelim-gidimli kerwensaraýlary, bol harytly bazarlary bilen syýahatçylaryň, geograflaryň, taryhçylaryň ünsüni özüne çeken bu toprak Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ösüşiň täze belentliklerine çykýar.