logo

Latest news:
✦ Türkmenabatda mugallymçylyk institutynyň täze toplumy açyldy ✦ ✦ Binagärlik-gurluşyk institutynyň täze toplumy ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦
Home / Sports /Futzal boýunça Mary welaýatynyň birinjiligi ugrunda ýaryş geçirildi
  27.05.2023
921
Futzal boýunça Mary welaýatynyň birinjiligi ugrunda ýaryş geçirildi

Golaýda, Mary şäheriniň 1-nji sport mekdebinde 2005-2006-njy hem-de 2007-2008-nji ýyllarda doglan türgenleriň arasynda futzal boýunça Mary welaýatynyň birinjiligi ugrunda ýaryş geçirildi.

2005-2006-njy ýyllarda doglan türgenleriň arasynda geçirilen ýaryşda Mary şäheriniň 2-nji sport mekdebiniň türgenler topary öňe saýlanmagy başardy. Türkmengala etrabynyň sport mekdebiniň topary ikinji, Mary şäheriniň 3-nji sport mekdebiniň türgenleri üçünji orunlary eýelediler. Ýaryşda tapawutlanan türgenlere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat geňeşiniň hem-de Mary welaýat bedenterbiýe we sport baradaky baş müdirliginiň ýadygärlik sowgatlary we Hormat hatlary gowşuryldy.

2007-2008-nji ýyllarda doglanlaryň arasynda geçirilen ýaryşda Mary şäheriniň 1-nji sport mekdebiniň 1-nji «Olimp» hem-de 2-nji «Olimp» toparlarynyň türgenleri şowly çykyş edip, degişlilikde öňdäki baýrakly orunlary eýelediler. Mary şäheriniň 2-nji sport mekdebiniň türgenleri üçünji orna mynasyp boldular.

Ýeňiji bolan toparlar iýun aýynda Mary welaýatynda geçirilmegi meýilleşdirilýän Türkmenistanyň birinjiligi ugrundaky şu ýaryşyň jemleýji tapgyryna gatnaşarlar.