logo

Latest news:
✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦
Home / Sports /Futbol ýaryşy
  08.11.2020
916
Futbol ýaryşy

      Ýakynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Änew şäherindäki 3000 tomaşaçy orunlyk sport toplumynda «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XII spartakiadanyň çäginde  futbol ýaryşynyň Ak bugdaý etrap tapgyry geçirildi.  Oňa etrapdaky orta mekdepleriň okuwçylaryndan düzülen toparlar gatnaşdy. 

      “Türkmenistan” Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň, welaýat sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň  hem-de welaýat Baş bilim müdirliginiň bilelikde guramagynda geçen ýaryş çekeleşikli duşuşyklary bilen uly gyzyklanma döretdi. Ol okuwçy ýaşlaryň sport ussatlygyny we başarnygyny ýüze çykardy.

      Gyzykly duşuşyklaryň netijesinde etrapdaky 1-nji hem-de 7-nji orta mekdepleriň toparlary finala çykdylar. Final—aýgytlaýjy duşuşyk iki taraplaýyn hüjümlere baý boldy. Onuň netijesinde 1-nji orta mekdebiň okuwçylary ýeňiş gazandylar. Üçünji orun ugrundaky duşuşykda 16-njy orta mekdebiň topary garşydaşyny ýeňlişe sezewar etdi.  Futbol ýaryşynyň ýeňijilerine “Türkmenistan” Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň hormat hatlary gowşuryldy.