Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Saragt Babaýew – döredijilikli zähmetden ylham alan ussat ✦ ✦ Çeperçilik akademiýasynda döredijilik bäsleşikleriniň jemi jemlendi ✦ ✦ Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri ABŞ-nyň Kent döwlet uniwersiteti bilen hyzmatdaşlyk etmek boýunça gol çekdi ✦ ✦ Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy ABŞ-nyň Kent uniwersitetinde dabaraly bellenildi ✦ ✦ Bilim ulgamynda hyzmatdaşlyklar giňeldilýär ✦ ✦ Tejen etrabynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ähmiýeti barada tegelek stolyň başynda söhbetdeşlik ✦ ✦ Ýaşulylara bagyşlanan dabara: Tejen ttrap häkimliginde maslahat ✦ ✦ Tejende Halkara Ýaşulular gününe bagyşlanan baýramçylyk dabarasy ✦ ✦ Tejende ýeňil atletika bäsleşiginde 36-njy mekdep birinji orny eýeledi ✦ ✦ Tejende stol üstünde oýnalýan tennis ýaryşy geçirildi ✦
Baş sahypa / Sport /Fiziki, psihiki we ylmy oýun
  06.06.2024
292
Fiziki, psihiki we ylmy oýun

Küşt ýaly, örän gadymy oýun bolan bilýardyň watany Aziýa ýa-da Hindistan hasaplanyp, käbir bilermenleriň pikirine görä bolsa, Hytaý hasaplanylýar. Ilkinji bilýard stoly käbir resminamalara görä Luis XI döwründe Fransiýada peýda bolupdyr. Ony 1469-njy ýylda Henri de Winem ýasaýar. Şol döwürleriň iňlis şalary hem bu oýny oýnapdyr. Muny 1578-nji ýylda Şotlandiýanyň şa zenany Meri Stýuartyň hatlarynyň birinde halaýan bilýardlaryny başga bir otaga geçirmegini haýyş edýän sözleri tassyklaýar.

 

Bilýard stoly XVI asyrda häzirki zaman görnüşlerine eýe bolup başlapdyr. XIX asyryň başynda bilýard ýakymly güýmenje derejesinden çynlakaý bilimleri we başarnyklary, takyklygy, gowy gözi we hereketleriň dürslügini talap edýän sport görnüşi hökmünde uly abraýa eýe bolýar.

 

Häzirki wagtda bilýard sportuň bir görnüşine öwrüldi. Sportuň beýleki görnüşleri ýaly, bilýardyň hem adamyň saglygyna täsiri uludyr. Ilki bilen, bilýard göreç üçin diýseň peýdalydyr. Şarlary nyşana almak we yzarlamak göz myşsalaryny berkitmek üçin täsirli türgenleşikdir, bu yzygiderli maşklar bilen görüş ýitiligini ep-esli derejede gowulandyrýar we gözüňi türgenleşdirýär. Bu oýnuň hereketsiz ýaly görünýändigine garamazdan, oýunçylar asuda, ýöne yzygiderli hereket edýärler.

 

Bilýard oýnamak kämahal kesellerden we şikeslerden soň has agyr fiziki işjeňlik gadagan edilende, bejeriş serişdesi hökmünde hünärmenler tarapyndan maslahat berilýär. Oýun egilmek, oturmak, tolkun atmak, öwrülmek ýaly myşsa hereketlerini, olary güýçlendirmegi hem-de utgaşdyrmagy öz içine alýar. Bilýard psihologik saglyk üçin hem peýdalydyr. Ol köşeşmäge, dynç almaga we köp meseleleri ýatdan çykarmaga kömek edýär, rahatlandyrýar. Şonuň üçin hem bilýard fiziki, psihiki we ylmy oýun görnüşi hasaplanylýar.

 

Enejan SARYÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 3-nji ýyl talyby.