Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Somatoform bozulmalar we olaryň dartgynlylyk bilen baglanşygy ✦ ✦ “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” - durnukly we bagtyýar geljegiň kepili ✦ ✦ Nanotehnologiýalaryň lukmaçylykda ähmiýeti ✦ ✦ Bitaraplyk — Parahatçylygyň Binýady ✦ ✦ Magtymguly Pyragy – beýik akyldar ✦ ✦ Daşary ýurt Hukuk diplomlary üçin täze talaplar we üýtgeşmeler ✦ ✦ Türkmenistanyň saglyk ulgamynda sagaldyş-dikeldiş merkezleriniň orny ✦ ✦ Gahryman Arkadagyň eserleri ✦ ✦ Newroz - psihologiki durnuksyzlyk ýagdaýydyr. ✦ ✦ Ýylyň şygary mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi ✦
Baş sahypa / Dünýäde /Eýranyň Fars welaýatynda III asyra degişli diwar suratlary we küýzeler tapyldy
  30.09.2024
203
Eýranyň Fars welaýatynda III asyra degişli diwar suratlary we küýzeler tapyldy

Eýranyň Fars welaýatynyň Firuzabad şäherinde arheologlar 1700 ýyldan gowrak ýaşly gadymy suratlary tapdylar.

 

Suratlar biziň eýýamymyzyň III asyrynda Sasanidler nesilşalygyndan Ardaşir I (b.e.öň III-VII asyrlar) tarapyndan esaslandyrylan gadymy Gor şäheriniň ýerleşýän ýerinde geçirilen arheologiki gazuw-agtaryş işleri wagtynda tapyldy.

 

Gipsiň ýüzüne tebigy mineral pigmentler bilen çekilen suratlar ýüzi profil we ýarymanfas görnüşinde şekillendirýär. Ölçegi 90x60 santimetr bolan freskleriň biri içi toýun diwarlar bilen örtülen kiçijik otagdan tapyldy. Ol Ardaşir köşgündäki suratlar bilen birmeňzeş stilde we reňklerde ýasalypdyr. Suratlaryň temasy Sasanidler nesilşalygynyň asylzada maşgalalarynyň we imperatorlarynyň durmuşy hem-de däp-dessurlary barada gürrüň berýär.

 

Häzirki wagtda tapyndylary goramak we muzeý sergisini döretmek boýunça işleri geçirmek meýilleşdirilýär. Bu her kime gadymy surat eserleri bilen tanyşmaga mümkinçilik berer. Gor şäheri Sasanidler imperiýasynyň XVIII asyrda weýran edilen öňki paýtagty. Arheologiki gazuw-agtaryş işleri 2005-nji ýylda başlandy. 2018-nji ýylda Sasanidler döwrüniň Fars welaýatyndaky arheologiki landşafty UNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi.

 

Ahmedow Esengeldi
Türkmen oba hojalyk
institutynyň 1-nji ýyl talyby.