Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Magtymguly Pyragynyň ýubileýine bagyşlanan halkara forum dünýä metbugatynyň ünsüni özüne çekdi ✦ ✦ Sanly ulgamyň öňegidişlikleri ✦ ✦ 2025-nji ýylda Zagrebde göreş boýunça dünýä çempionaty geçiriler ✦ ✦ Kitap halklary ruhy taýdan birleşdirýän köpri ✦ ✦ Magtymgulynyň eserleri dostlukly yurtlaryň edebiýatynda ✦ ✦ Türkmen edebiýatynyň akyldary ✦ ✦ Sungat ojagymyzda - Türkmen Alabaýy ✦ ✦ Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri dünýäniň öňdebaryjy uniwersitetleriniň ählumumy görkezijisine girdi ✦ ✦ Türkmen wekilleri Gazagystana iş saparyna çagyrylýar ✦ ✦ Türkmen alymlary «Suwaryş we suw hojalygy – azyk we ekologik howpsuzlygyň esasy» atly maslahata gatnaşdylar ✦
Baş sahypa / Dünýäde /Eýranda nobatdan daşary Prezident saýlawy geçiriler
  22.05.2024
173
Eýranda nobatdan daşary Prezident saýlawy geçiriler

19-njy maýda Eýran Yslam Respublikasynda pajygaly ýagdaý boldy. Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi we Eýranyň Daşary işler ministri Hosseýn Amir Abdollahiýan we beýleki döwlet resmileri bilen bilelikde Gündogar Azerbaýjan welaýatynda dikuçar heläkçiligine uçrady. Dikuçar heläkçiliginde Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi, Eýranyň Daşary işler ministri Hosseýn Amir Abdollahiýan, Gündogar Azerbaýjanyň döwlet häkimi Malik Rahmeti we Töwriziň Ymamy Aýatolla Ali Haşim aradan çykdy.

 

Pajygaly waka sebäpli wepat bolan merhumlarry jaýlamak dabarasy 23-nji maýda geçiriler.

 

Eýranda 28-nji iýunda nobatdan daşary prezident saýlawlaryň geçiriljekdigi mälim edildi. Bellenen saýlaw senenamasyna görä dalaşgärler üçin 30-njy maýdan 3-nji iýuna çenli arzalar beriler we 12-nji iýundan 27-nji iýun ir sagat 07:00 çenli saýlaw möwsümi dowam eder. Bu barada Eýran Yslam Respublikasynyň döwlet metbugat gullugy habar berýär.
 

Aýgözel BABAJANOWA,
Beki Seýtäkow adyndaky
mugallymçylyk mekdebiniň talyby.