logo

Latest news:
✦ Türkmenabatda mugallymçylyk institutynyň täze toplumy açyldy ✦ ✦ Binagärlik-gurluşyk institutynyň täze toplumy ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦
Home / Sports /Erkin göreş boýunça Ak bugdaý etrabynyň kubogyny almak ugrunda ýaryş geçirildi
  17.08.2022
861
Erkin göreş boýunça Ak bugdaý etrabynyň kubogyny almak ugrunda ýaryş geçirildi

Änew şäherindäki sport mekdebinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ak bugdaý etrap Geňeşiniň hem-de etrabyň sport we ýaşlar syýasaty bölüminiň bilelikde guramagynda, erkin göreş boýunça Ak bugdaý etrabynyň kubogyny almak ugrunda ýaryş geçirildi. geçen ýaryşa 2011—2013-nji ýyllarda doglan ýetginjekler gatnaşdy. Ýaryşyň guramaçylykly geçmegi ugrunda ähli şertler we mümkinçilikler üpjün edildi.

 

 

Ýaryşda ukyp-başarnygyny, erjelligini görkezmäge gelen ýetginjek ýaşlar 22, 24, 26, 28, 30, 32, 34, 36, 38, 40, 42, 44 kilogram agram derejelerinde güýç synanyşdylar. Çekeleşikli geçen tutluşyklar her agram derejesi boýunça güýçlüleri öňe saýlady. Şonuň bilen baglylykda, her agramda I, II, III orunlary eýelän türgenlere Ak bugdaý etrabynyň sport we ýaşlar syýasaty bölüminiň hormat hatlary hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.