Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Dekabr aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreler ✦ ✦ Ýurdumyzda Turkiýanyň eksport harytlarynyň sergisi geçiriler ✦ ✦ Maşgala terbiýesiniň orny we ähmiýeti ✦ ✦ Oba hojalyk ekinleriniň täze sortlary hasyllylygyň kepili ✦ ✦ Magtymguly Pyragy medeni-seýilgähindäki şahsyýetler: Saýido Nasafi ✦ ✦ Türkmen oba hojalyk instituty bilim we ylmyň baglanyşygyny berkitýär ✦ ✦ Täze okuw kitabynyň neşiri bilim ulgamyna uly goşantdyr ✦ ✦ Türkmen milli gymmatlyklary täze okuw kitabynda orun alýar ✦ ✦ Türkmeniň goşa ganaty ✦ ✦ Ýaşlar baýragy ― ýaşlygyň serpaýy ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /Energetika senagaty-ýurduň kuwwatly söýgedi
  05.09.2020
574
Energetika senagaty-ýurduň kuwwatly söýgedi

     Ýyllary ýyllardan, aýlary aýlardan, günleri günlerden zyýada Türkmenistan döwletimiziň her bir pursaty taryhyň altyn sahypalarynda zerewşan harplar bilen özüniň mynasyp ornuny tapýar. Ýurduň başynda  Gün kibi dogan hormatly Prezidentimiziň halk hojalygynyň ähli pudaklaryny şol bir wagtda, deň derejede öňe sary ilerletmegi – bu biziň üçin, diýseň, buýsanmaly ýagdaýdyr. Liderimiziň döwlet başyna ilkinji günlerinde halkymyzyň durmuş-hal ýagdaýyny gowulandyrmak maksady bilen elekrtik togundan, gazdan, suwdan we nahar duzundan elýeterli peýdalanmaklaryny ýola goýdy. Elektrik energiýasyny öndürmek, senagaty we ilaty  eletrik hem-de ýylylyk energiýasy bilen üpjün etmek, ony daşary ýurtlara ibermek, elektrik stansiýalaryny we ulgamlaryny gurmak, ulanmak we abatlamak «Türkmenenergo» döwlet eletroenergetika korporasiýasynyň esasy wezipeleri bolup durýar. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň «Türkmenenergo» döwlet eletroenergetika korporasiýasynyň düzümine jemi bellenilen kuwwatlylygy 5178,4 MWt bolan 12 sany döwlet eletrik stansiýasy, 6 sany önümçilik birleşigi, «Tükmenenergoabatlaýyş» ýöriteleşdirilen önümçilik birleşigi, «Döwletenergogözegçilik» kärhanasy, Aşgabat şäheriniň yşyklandyryş nokatlaryna hyzmat edýän Şäher yşyklandyryş müdirligi, «Energoenjam» kärhanasy, «Maryenergoüpjünçilik» söwda üpjünçilik  kärhanasy girýär. Ýatlap geçsek, Türkmenistanyň ilkinji elektroenergetika desgasy bolan Hindiguş gidroelekrik stansiýasy 1913-nji ýylda Murgap derýasynyň kenarynda guruldy. Gurlanyna esli wagt geçip, energetika pudagynyň özboluşly muzeýine öwrülen bu eletrik stansiýasynda häzirki güne çenli hem elektrik energiýasynyň öndürilmegi dowam  etdirilýär.   Ýurdumyzyň energetika pudagynyň işgärleri «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň çäklerini, paýtagtymyz Aşgabat şäherini we welaýatlarymyzyň edara-kärhanalaryny hem-de ilatly ýerlerini elektrik energiýasy bilen ygtybarly we bökdençsiz üpjün etmek üçin gurlan döwrebap elektrik stansiýalaryny dolandyrmakda we olara tehniki hyzmat etmekde uly tejribe toplaýarlar. Häzirki wagtda tebigy baýlyklarymyz we energiýa serişdelerimiz halkymyzyň bähbitlerine,  her bir raýatymyzyň eşretli ýaşaýşyny üpjün etmäge gönükdirilýär. Tutuş ýurdumyzyň, şol sanda paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň halkalaýyn energiýa ulgamyny emele getirmek, energiýa tygşytlaýjy kämil tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly elektrik energiýasy bilen üpjünçiligi has-da gowulandyrmak, tebigy-howa şertlerini nazara alyp, Günden we ýelden elektrik energiýasyny öndürmegiň taslamalaryny durmuşa geçirmek boýunça uly işleri amala aşyrmak göz öňünde tutulýar. Eziz Diýarymyzyň geljekki ösüşleri bilen baglylykda elektrik energiýasyna bolan zerurlygyň artjakdygy göz öňünde tutulyp kabul edilen «Türkmenistanyň elektrik energetikasy pudagyny ösdürmegiň  2013 — 2020-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyna» laýyklykda, şu döwürde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde täze elektrik stansiýalary, ýokary woltly elektrik geçirijileri gurulýar. Täze elektrik stansiýalarynyň gurulmagy bilen, ýurdumyzyň sarp edijileriniň elektrik üpjünçiligi has-da gowulanýar, ulgamyň kuwwaty barha artýar. Bu bolsa özümizden artykmaç elektrik energiýasyny daşary ýurtlara ibermäge hem mümkinçilik berýär. Häzirki döwürde elektrik energiýasy Eýran Yslam Respublikasyna we Owganystan Yslam Respublikasyna köp möçberde iberilýär. Muny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek ykdysady taýdan örän amatly bolup durýar. Mälim bolşy, bütin dünýäde energiýa serişdeleriniň sarp edilişi barha artýar. Şonuň üçin hem dünýäniň birnäçe döwletleri ýurdumyz bilen elektrik energetikasy babatda hyzmatdaşlyk etmäge uly gyzyklanma bildirýärler. Bu bolsa biziň Garaşsyz, Bitarap  döwletimiziň halkara abraýynyň yzygiderli ýokarlanýandygyna, ykdysadyýetimizi ösdürmekde energetika pudagynyň ähmiýetiniň barha artýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär. Mundan başga-da, energetika ulgamyny has-da kämilleşdirmek maksady bilen Türkmen döwlet Energetika institutynda bu ugurdan ýörite hünärmenler taýýarlanylýar.

      Umuman, Türkmenistan döwletimizde Energetika senagatynyň ösdürilmeginde Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň durmuşa geçirýän işleri guwandyryjy ýagdaýdyr. Ýurdumyzda alym Arkadagymyzyň tagallasy bilen Energetika senagatynyň işgärleriniň hünär baýramçylygynyň bellenilmegi bu ulgamyň işgärlerine goýulýan çäksiz hormatyň aýdyň subutnamasydyr.