logo

Latest news:
✦ Gahryman Arkadagymyz ýaşlar üçin umumy okuw sapagyny geçdi ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦
Home / Economics /Energetika pudagynda halkara hyzmatdaşlyk
  28.10.2023
580
Energetika pudagynda halkara hyzmatdaşlyk

25-nji oktýabrda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleri, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan guralan «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2023» atly XXVIII halkara maslahat we sergi öz işine başlady.

 

   

Energetika pudagynda halkara hyzmatdaşlygy berkitmäge we ösdürmäge gönükdirilen bu forum utgaşykly görnüşde geçirilip, oňa onlaýyn arkaly hem dünýäniň onlarça döwletleriniň wekilleri gatnaşdylar. Ýer ýüzüniň 45-den gowrak ýurtlarynyň wekillerini özünde jemlän bu forumda ýygnananlar ýangyç-energetika toplumynda halkara, sebit we milli derejede senagatyň geljekki strategiýasyny kemala getirmäge bagyşlanan dünýäniň nebit bazaryndaky işleriň ýagdaýy, bu ulgamda marketing strategiýalary bilen giňişleýin tanyşdylar.

 

 

Foruma giň wekilçilikli düzümiň gatnaşmagy Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmäge dünýä ýurtlaryň işewür toparlary tarapyndan gyzyklanmalaryň has-da artýandygyna şaýatlyk edýär. Olaryň hyzmatdaşlygy berkitmäge ýykgyn etmekleri ýurdumyzyň “Açyk gapylar” syýasaty hem-de ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilen netijeli başlangyçlarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini subut edýär.

 

 

Kerim Berdyýew,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 2-nji ýyl talyby.