Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Somatoform bozulmalar we olaryň dartgynlylyk bilen baglanşygy ✦ ✦ “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” - durnukly we bagtyýar geljegiň kepili ✦ ✦ Nanotehnologiýalaryň lukmaçylykda ähmiýeti ✦ ✦ Bitaraplyk — Parahatçylygyň Binýady ✦ ✦ Magtymguly Pyragy – beýik akyldar ✦ ✦ Daşary ýurt Hukuk diplomlary üçin täze talaplar we üýtgeşmeler ✦ ✦ Türkmenistanyň saglyk ulgamynda sagaldyş-dikeldiş merkezleriniň orny ✦ ✦ Gahryman Arkadagyň eserleri ✦ ✦ Newroz - psihologiki durnuksyzlyk ýagdaýydyr. ✦ ✦ Ýylyň şygary mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Energetika institutynda ylmy-amaly maslahat geçirildi
  06.11.2024
95
Energetika institutynda ylmy-amaly maslahat geçirildi

Energetika institutynda ylmy-amaly maslahat geçirildi

Türkmenistanyň Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni mynasybetli, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda “Energetikada innowasion tehnologiýalar: ylym, bilim we önümçilik” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu maslahat umumy mejlisde başlanyp, 4 bölümçede dowam etdi we institutyň professor-mugallymlary, ylmy işgärleri, aspirantlary we talyp ýaşlary tarapyndan 70-den gowrak ylmy çykyş diňlenildi.

Maslahatyň dowamynda energetikada täze tehnologiýalaryň ösüşi we pudaga goşýan goşandy barada giňişleýin çykyşlar boldy. Ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin döredýän mümkinçilikleri üçin Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Bu habar barada giňişleýin maglumat üçin Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň resmi saýtyna girip bilersiňiz: tdei.edu.tm.

Daýanç MÄMMETDURDYÝEW
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyby