Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Dekabr aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreler ✦ ✦ Ýurdumyzda Turkiýanyň eksport harytlarynyň sergisi geçiriler ✦ ✦ Maşgala terbiýesiniň orny we ähmiýeti ✦ ✦ Oba hojalyk ekinleriniň täze sortlary hasyllylygyň kepili ✦ ✦ Magtymguly Pyragy medeni-seýilgähindäki şahsyýetler: Saýido Nasafi ✦ ✦ Türkmen oba hojalyk instituty bilim we ylmyň baglanyşygyny berkitýär ✦ ✦ Täze okuw kitabynyň neşiri bilim ulgamyna uly goşantdyr ✦ ✦ Türkmen milli gymmatlyklary täze okuw kitabynda orun alýar ✦ ✦ Türkmeniň goşa ganaty ✦ ✦ Ýaşlar baýragy ― ýaşlygyň serpaýy ✦
Baş sahypa / Gyzykly /Emeli diller hakynda bilmek täsirli
  20.01.2023
1032
Emeli diller hakynda bilmek täsirli

Adamlaryň aragatnaşygynda möhüm ähmiýete eýe bolan dilde hem däp bolan aňsatlygyň ýoly gözlenipdir. Ýer ýüzündäki adamlaryň başga-başga dilleri gürlemekleri, olaryň arasynda emele gelen dürli gatnaşyklardaky kynçylyklaryň mesele hökmünde ýüze çykmagy hemmäniň arkaýyn düşünip biljek umumy dilini döretmek pikirine ýol açypdyr. XVII-XVIII asyrlarda bu babatda gyzyklanma artypdyr. 

Emeli dil – bu çeşmesi belli bolan, belli bir adam ýa-da topar tarapyndan emele getirilen dildir. Emeli diliň grammatikasy taryhyň dowamynda ýüze çykýan durmuş zerurlyklary ýa-da aragatnaşykdaky ýagdaýlaryň netijesinde kemala gelmän, gönüden-göni adamzat tarapyndan döredilen dildir. Döredilen emeli dillerde sözüň saýlanyp seçilişi, ýasalyşy boýunça dürlüçe garaýyşlar bolupdyr. Emeli dilde her bir düşünje üçin aýratyn bir söz döredilip, olaryň hersiniň ýeke-täk manysy bolupdyr. Häzirki güne çenli ençeme emeli diller döredilipdir.

Bitarap dil Sankt-Peterburgda ýaşan, käri boýunça inžener bolan Waldemar Rozenbergeriň baştutanlygynda 1902-nji ýylda emele getirilen emeli dildir. Bitarap diliň grammatikasyny özünde saklaýan sözlükler 1902-1903-nji ýylarda ýewropa dillerinde neşir edilipdir. 1912-nji ýylda Rozenberger dili üýtgedip gaýtadan neşir etdirip, bu täze dile «Reformirlenen bitarap dil» adyny beripdir. Bu dil grammatikasy, fonetikasy we sintaktikasy babatda esperanto diline çalym edýär. Netijede hem esperantony bilýänleriň ido diline, ido dilini bilýänleriň hem esperanto diline kynçylyk çekmezden düşünýändikleri düşnüklidir.

Interlingua dili halkara emeli dil guramasy tarapyndan 1951-nji ýylda döredilen dildir. Bu dil esasan biologiki atlandyrmalarda ulanylyp, ol ýönekeý grammatiki gurluşyny, köp sanly diliň söz gory bilen utgaşýan, millionlarça adamynyň düşünip bilýän dilidir. Şol sanda tebigy dili tapawutlandyrmak üçin hem ülňi hökmünde ulanylýan dildir. Ondaky sözleriň köpüsi roman dillerinden alnandyr. Ido diliniň taýýarlanmagynda we interlingua diliniň emele getirilmeginde nowiýal diliniň atasy professor Otto Jesperseniň goşandy uludyr. Bu dilde ulanylýan sözler esasan latyn dillerinden gözbaş alýandyr. Grammatika babatynda iňlis diliniň täsirindäki emeli dildir.

Wolýapük 1879-njy ýylda nemes ylahyýetçisi Jon Martin Şleýer tarapyndan döredilen emeli dilleriň biridir. Grammatikasynyň çylşyrymlydygyna garamazdan bu dil köpler tarapyndan öwrenilipdir. Bu dilde latyn diliniň esasynda düzülen 27 harpdan ybarat elipbiýi bolup, bu dil döredilende, esasan nemes, iňlis, ispan, fransuz, italýan we rus dillerinden peýdalanylypdyr.

Ýöne şu güne ençeme emeli diller döredilse-de, olaryň hiç biri hem tebigy dil ýaly ulanylmaga oňaýly bolmandyr. Çünki, tebigy dillerde bir sözüň bir wagtda ençe manysy bolup, ol sözüň sözlemdäki wezipesi hem dowamly üýtgäp durmak bilen dowamly ösüşde bolýar, emeli dillerdäki sözlerde bolsa ösüş ýok diýen ýalydyr.

 

Toýly SABYROW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.