Birleşen Milletler Guramasynyň daşky gurşaw boýunça konwensiýalarynyň onlarçasyna goşulmak bilen, ýurdumyz durnukly ösüş babatda dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde durýan meseleleri çözmäge jogapkärçilikli çemeleşýär. Türkmenistanyň ýokary derejeli forumlarda öňe süren başlangyçlary halkara bileleşik tarapyndan giň goldawa eýe bolýar. Şolaryň hatarynda Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini açmak, BMG-niň Suw strategiýasyny, BMG-niň Aral deňziniň sebiti üçin Ýörite maksatnamasyny işläp taýýarlamak, Hazar deňziniň ekologik abadançylygyny gorap saklamak ýaly teklipler bar. Türkmenistanyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulmagy ýurdumyzyň möhüm ekologik meseleleriň çözgütlerini işläp taýýarlamaga jogapkärçilikli çemeleşýändigine şaýatlyk edýär. Energiýa howpsuzlygy, howanyň üýtgemegi bilen baglylykda «ýaşyl» ykdysadyýete geçmek, energiýa serişdelerini rejeli peýdalanmak ýaly ugurlar boýunça BMG we beýleki iri halkara düzümler bilen hyzmatdaşlyk etmek Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň wajyp ugurlarynyň biridir.
Şunuň bilen baglylykda, 2024-nji ýylyň 3-nji dekabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz Saud Arabystany Patyşalygynda geçirilen BMG-niň Çölleşmä garşy göreşmek boýunça Konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 16-njy maslahatynyň (СOP16) çäklerinde geçirilen «Bitewi suw» sammitine gatnaşdy. BMG-niň Çölleşmä garşy göreşmek boýunça Konwensiýasy çölleşmäge, topragyň şorlaşmagyna garşy göreşmek, gurakçylygyň täsirlerini peseltmek boýunça ýurtlaryň hem-de guramalaryň halkara, sebit we milli derejede tagallalaryny birleşdirmek maksady bilen kabul edildi. Konwensiýa gatnaşyjy taraplaryň maslahatynyň çäklerinde geçirilen «Bitewi suw» sammiti barada aýdylanda, ol Durnukly ösüş maksatlarynyň biri bolan arassa agyz suwuna elýeterliligi üpjün etmek babatda tagallalary utgaşdyrmaga, suw meseleleriniň oňyn çözgütlerini ara alyp maslahatlaşmaga gönükdirilendir.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy sammitde çykyş edip, häzirki döwürde suw meselesi boýunça özara hyzmatdaşlygyň umumydünýä işleriniň möhüm bölegi bolup durýandygyny we onuň köp babatda Ýer ýüzünde durnuklylygy, ösüşi we abadançylygy üpjün etmekde mümkinçilikleri kesgitleýändigini belledi. Türkmen halkynyň Milli Lideri buzluklaryň Türkmenistandan uzakda ýerleşýändigine garamazdan, olaryň ýurdumyz üçin ägirt uly ähmiýetiniň bardygyna ünsi çekip, buzluklaryň sebitde ýaşaýşyň, oba hojalygyny, ekoulgamyň esasy serişdesi bolan Amyderýa ýaly derýalaryň tebigy çeşmeleri bolup durýandygyny aýtdy.
Şeýlelikde, bu gün Diýarymyzyň tebigaty goramak boýunça toplan tejribesine tutuş dünýäde uly gyzyklanma bildirilýär. Daşky gurşawyň köpdürlüligini goramak we baýlaşdyrmak boýunça netijeli işleriň durmuşa geçirilmegi Watanymyzyň abadançylygynyň kepilidir. Tebigat baradaky alada häzirki döwrüň iň wajyp wezipeleriniň biridir.
Hakberdi BAÝMYRADOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.