Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Boýbodran ösümliginiň dermanlyk häsiýetleri we ulanylyşy ✦ ✦ Ahal welaýatynda ýyladyşhana hojalyklarynyň ösüşi ✦ ✦ Wegatatiw status we onuň ähmiýeti ✦ ✦ Emeli aň geljekde nä derejede zerur bolar? ✦ ✦ Neýron tor ulgamlary näme? ✦ ✦ Hindistanda emeli aň ulgamy ösýär ✦ ✦ Türkmenistanda IFT 2025 halkara forumy geçiriler ✦ ✦ Okuw-usuly maslahat geçirildi ✦ ✦ Watan goragçylarynyň güni mynasybetli dabaraly çäre geçirildi ✦ ✦ Hukukçy talyp Ýaponiýada tejribe toplady ✦
Baş sahypa / Tebigat /Ekologiýa diplomatiýasy rowaçlanýar!
  08.12.2024
152
Ekologiýa diplomatiýasy rowaçlanýar!

Hormatly Prezidentimiziň parasatly syýasaty netijesinde, häzirki döwürde ýurdumyzda innowasion senagatlaşmak yzygiderli amala aşyrylýar, daşky gurşawy goramaga we senagat kärhanalarynyň ekologiýa howpsuzlygyna aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz halkara derejesinde ekologiýa we daşky gurşawy goramak ugurlarynda oňyn başlangyçlar bilen çykyş edýär. Bu ýagdaý ýurdumyzyň daşary syýasatyndaky ekologiýa diplomatiýasynyň möhüm rolunyň ýokarlanýandygyny we ekologiýa we daşky gurşawyň goralmagyna gönükdirilen maksatnamalaryň dünýä derejesinde uly ähmiýete eýe bolýandygyny görkezýär.

 

Adalatlylyk, daşky gurşawy gorap saklamak we durnukly ösüş ýörelgeleri, Türkmenistanyň ekologiýa diplomatiýasyny şekillendirýän esasy ýörelgeler bolup, bu syýasat ählumumy parahatçylyga we durnukly ösüşe gönükdirilen başlangyçlaryň durmuşa geçirilmegini üpjün edýär. Döwlet Baştutanymyzyň tebigaty goramak baradaky işlere jogapkärli we toplumlaýyn çemeleşmegiň, ekilýän baglaryň dogry we wagtynda ideg edilmeginiň zerurdygyny nygtamak bilen, bu çärelere ýaş nesillerde halal zähmete bolan söýgini pugtalandyrmakda möhüm orun berýändigini belleýär. Tebigat, adam durmuşynyň esasy serişdelerini üpjün etmek bilen, ýaşaýşyň mekanydyr.

 

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň giňişleýin ekologiýa maksatnamasynyň esasy maksady, jemgyýetiň we daşky gurşawyň ösüşiniň sazlaşygyny üpjün etmek we ekologiýa taýdan arassa ýaşaýyş gurşawyny döretmekden ybarat bolup, bu maksatnamanyň amala aşyrylmagy Howanyň üýtgemegi baradaky Türkmenistanyň Milli strategiýasynyň çäklerinde, milli tokaý maksatnamasynyň durmuşa geçirilmeginde aýdyň ýüze çykýar.

 

Ýurdumyzda hem-de bütin dünýäde daşky gurşawy goramak boýunça umumadamzat bähbitli ägirt uly tagallalary durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömrleriniň uzak, alyp barýan beýik işleriniň hemişe üstünliklere beslenmegini arzuw edýäris!

 

Şagylyç BERDIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.