Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Gözlegçiler süýdemdirijileriň beýnisiniň ösüşini görkezýän 3D atlas döretdi ✦ ✦ Türkmenistanyň hünär biliminiň ösüşinde DARYA maksatnamasynyň orny ✦ ✦ Türkmen tennisçileri halkara ýaryşda baýrakly orunlary eýelediler ✦ ✦ Bitaraplygyň buýsanjy ✦ ✦ Лучший студент тюркских народов –Давуд Довлетов ✦ ✦ Türki halklaryň iň gowy talyby – Dawut Döwletow ✦ ✦ Türkmenistanyň ykdysady diplomatiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Türkmenistanda dil bilimini ösdürmek üçin täze kitap ✦ ✦ Täze dil gollanmasy okyjylara ýetirildi ✦ ✦ Kiberhowpsuzlyk:Sanly serhedi goramak ✦
Baş sahypa / Tebigat /Ekologiýa abadançylygynyň goragynda
  06.11.2024
22
Ekologiýa abadançylygynyň goragynda

Ýurdumyzyň tebigatynyň baýlyklaryny we gözelligini aýawly saklamak hem-de artdyrmak, daşky gurşawy, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak, ekologik ugurly ykdysadyýeti, bäsdeşlige ukyply önümçiligi ösdürmegiň döwrebap nusgasyny döretmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şoňa görä-de, Gahryman Arkadagymyzyň durnukly ösüşi we ekologik abadançylygy üpjün etmek boýunça başyny başlan işleri häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär.

 

Türkmenistanyň ýokary derejeli forumlarda öňe süren başlangyçlary halkara bileleşik tarapyndan giň goldawa eýe bolýar. Şolaryň hatarynda Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini açmak, BMG-niň Suw strategiýasyny, BMG-niň Aral deňziniň sebiti üçin Ýörite maksatnamasyny işläp taýýarlamak, Aral meselesini BMG-niň işiniň aýratyn ugry hökmünde kesgitlemek, Hazar deňziniň ekologik abadançylygyny gorap saklamak ýaly teklipler bar. Türkmenistanyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulmagy ýurdumyzyň möhüm ekologik meseleleriň çözgütlerini işläp taýýarlamaga jogapkärçilikli çemeleşýändigine şaýatlyk edýär.

 

Türkmenistanyň abraýly halkara düzümler bilen netijeli gatnaşyklary ösdürýändigine halkara hyzmatdaşlygyň çäginde taýýarlanylan «Aram guşaklykdaky Turan çölleri» atly köptaraplaýyn hödürnamanyň çäklerinde «Bereketli Garagum», «Gaplaňgyr» döwlet tebigy goraghanalarynyň, «Repetek» döwlet biosfera goraghanasynyň hem-de onuň «Ýerajy» çäkli goraghanasynyň çöl ekoulgamynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi hem aýdyň şaýatlyk edýär. Ýurdumyzda ÝUNESKO-nyň aýratyn ekologik ähmiýeti bolan tebigy ýadygärlikleriň goralyp saklanmagyna hem-de wagyz edilmegine gönükdirilen maksatnamasy işjeň durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyjy boýunça ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde ÝUNESKO kafedralarynyň açylmagy-da muňa mysaldyr.

 

Amala aşyrylýan giň gerimli işleriň ählisi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň bu ugurda alyp barýan syýasatynyň üstünliklere beslenýändigini aýdyň görkezýär. Daşky gurşawyň köpdürlüligini goramak we baýlaşdyrmak boýunça netijeli işleriň durmuşa geçirilmegi Watanymyzyň abadançylygynyň kepilidir. Tebigat baradaky alada häzirki döwrüň iň wajyp wezipeleriniň biridir. Şoňa görä-de, Türkmenistan Ýer ýüzüniň häzirki we geljek nesilleriniň abadançylygynyň bähbidine ählumumy ekologik meseleleriň oňyn çözgütlerini öňe sürüp, dünýä jemgyýetçiliginde mynasyp orny eýeleýär.

 

Enejan BABAKULYÝEWA,
Çärjew etrabyndaky 13-nji orta mekdebiň biologiýa we ekologiýa mugallymy.