logo

Latest news:
✦ Döwletli geňeşe barýarys ✦ ✦ Tejen etrabynda 320 orunlyk täze çagalar bagy açyldy ✦ ✦ Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda 960 orunlyk täze orta mekdep ulanmaga berildi ✦ ✦ Ahal welaýaty boýunça şu ýyl 195 müň gektar meýdanda güýzlük bugdaý ekiler ✦ ✦ Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke bedewlerine bagyşlanan halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Wenraý şäherinde «Atda wepa-da bar, sapa-da» eseriniň niderland dilindäki neşiri tanyşdyryldy ✦ ✦ Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke bedewleriniň dünýä çempionaty geçirildi ✦ ✦ TÜRKMENIŇ BUÝSANJY ✦ ✦ Oktýabr aýynda «Awazada» birnäçe halkara forumlar geçiriler ✦ ✦ Türkmen-niderland hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy ✦
Home / Nature /Ekologiýa abadançylygy - zeminiň gözelligi
  01.11.2023
951
Ekologiýa abadançylygy - zeminiň gözelligi

Ýurdumyzda her ýylyň ýaz hem-de güýz pasyllarynda ählihalk bag ekmek çäreleriniň asylly däbe öwrülmegi tokaý zolaklarynyň döredilmegi babatynda alnyp barylýan işlere oňyn täsirini ýetirýär. Indi birnäçe ýyl bäri dowam edip gelýän bu asylly ýörelgeler esasynda, ýurdumyzyň çar künjüni al-ýaşyl öwsüp oturan tokaý zolaklary bezeýär. Döwrüň möhüm wezipeleriniň biri bolan ekologiýa abadançylygyny goramak diňe tebigatymyz bilen bagly çärelerden däl, eýsem gurulýan zawod-fabrikleriň, dürli tehnikalaryň zyňyndylaryny azaltmak işlerini hem öz içine alýar.

 

 

Bilşimiz ýaly, häzirki döwürde ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek baradaky mesele ählumumy wajyp meseleleriň biri hasaplanýar. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan toplumlaýyn we uzak möhletleýin ekologiýa syýasaty jemgyýetimiziň ösüşini tebigy gurşawyň ösüşi bilen sazlaşdyrmagy, ýaşaýşyň ekologiýa taýdan arassa gurşawyny döretmegi maksat edinýär. Ata Watanymyzyň tebigy baýlyklaryny gorap saklamak, olardan rejeli peýdalanmak, ekologiýa taýdan arassa, kämil tehnologiýalary ornaşdyrmak, umuman, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar.

 

 

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda», «Altyn asyr» Türkmeniň kölüniň sebitini 2019 — 2025-nji ýyllarda ösdürmegiň Konsepsiýasynda» hem ekologiýa abadançylygyny üpjün etmekde möhüm wezipeler bellenilýär. Olarda Garaşsyz ýurdumyzda bu ugurda alnyp barylýan işleriň ähmiýeti, şonda «Altyn asyr» Türkmen kölüniň tutýan orny hakynda hem-de bu kölüň gurulmagynyň netijesinde Amyderýanyň suwunyň hiliniň, çölüň ekologiýasynyň, suwarymly ýerleriň melioratiw ýagdaýynyň gowulanmagyna mümkinçiligiň dörändigi bellenilýär.

 

 

Ekologiýa howpsuzlygy şahsyýetiň, jemgyýetiň we döwletiň howpsuzlygynyň düzüm bölegidir. Çünki ekologiýa abadançylygy bu – sagdyn durmuşyň, sagdyn jemgyýeti kemala getirmegiň bellärlikli kepilidir.

 

 

Gaýrat PIRIMKULYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň
Sanly tehnologiýalar we kiberhowpsuzlyk fakultetiniň 
Maglumat howpsuzlygynyň menejmenti hünäriniň 
dil taýýarlyk toparynyň talyby.