Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmeniň goşa ganaty ✦ ✦ Ýaşlar baýragy ― ýaşlygyň serpaýy ✦ ✦ Türkmen-özbek medeni gatnaşyklarynda täze sahypa ✦ ✦ Ýaşlar syýasaty — beýik ösüşleriň badalgasy ✦ ✦ Binagärlikde milliligiň we gözelligiň sazlaşygy ✦ ✦ Aşgabatda "DevFest 2024" tehnologiýa festiwaly geçirilýär! ✦ ✦ II Türkmen — Özbek forumynda täze ylalaşyklar gazanyldy ✦ ✦ Türkmenistan Hytaýyň hakara söwda sergisine gatnaşmaga çagyryldy ✦ ✦ Aýdym-saz ynsanyň göwün syrdaşy ✦ ✦ Ylym-bilim – ösüşiň kämil çeşmesi: ýaş nesillere ylym-bilim bermegiň täze usullary ✦
Baş sahypa / Şygryýet /Dykma serdar
  07.11.2020
3602
Dykma serdar

      Dykma serdar l9-njy asyrda, aýratynam Türkmenistanyň Russiýa imperýasy tarapyndan basylyp alnan döwründe türkmen halkynyň harby hem syýasy durmuşynda esasy rol oýnan taryhy şahslaryň biridir. Maglumatlara görä, ol 1825-nji ýylda Börmeli baý Mämmetnazaryň maşgalasynda eneden bolupdyr. Onuň çyn ady Öwezmyratdyr. Bir gezek ýomutlar alaman edip, Mämmetnazar baýyň malyny talapdyrlar. Mämmetnazar baý olardan aryny aljak bolup Öwez alamana gidende öldürlipdir. Şol wagtlar Dykma serdar ýedi ýaşynda eken. Doganlary Atamyrat bilen Öwezdurdy atasynyň zadyny paýlaşanda, Dykma serdara diňe bir paý ýer bilen suw goýupdyrlar.. Dykma serdar on üç ýaşynda alamana gidip başlapdyr. Ol Büjürnt kürtleriniň üstine alamana gidilende, ýesir düşüpdir. Ol Muhammetrahym hanyň türmesinde alty aýlap otyrypdyr. Börmeliler müň tümen pul toplap, ony ýesirlikden satyn alypdyrlar. Ol ýesirlikden boşandan soňra, ýene-de alamana gidip başlapdyr. Bary-ýogy iki aýyň içinde obadaşlaryna ähli bergisini beripdir. Dykma serdar gaty ýatkeş hem yzçy adam bolypdyr. Gije giden ýerlerinem soňra ýalňyşman tapýan eken. Eýranyň köp ýerlerine bäş barmagy ýaly belet eken. Dykma serdar on ýedi ýaşyndaka daşyna ýüz adam üýşürip alamana gidipdir, Kyrk müň goýun süri getiripdir. Basym ony serdar hökmünde ykrar edipdirler. Ol uruş tärimini kemsiz öwrenipdir. 1843-nji ýylda Dykma serdar ýanyna bäş ýüz adam alyp, Tähran-Maşat ýolyna çykýar. Tährandan Maşada zyýarata barýan we ol ýerden yzyna gaýdyp gelýän kerwenleriň üstüne çozypdyr. Zyýaratçylaryň daşyny köp atly goraýan eken. Güýçli çaknyşykdan soň, Dykma serdar üç ýüz ýesir bilen dokuz ýüz sany ýükli düýäni olja alypdyr. Nardynyň üsti bilen gelýärkäler, Dykma serdar Nardynyň eýesi Mämmethasan hanyň bukuda goýan goşunlarynyň üstünden gelýärler. Söweş bäş gije gündüze çekipdir. Mämmethasan han az sanly atlysy bilen gaçyp gutulýar. Onuň iki müň adamdan ybarat pyýada nökerini bolsa Dykma serdaryň atlylary gylyçdan geçiripdir. Dykma serdar uly olja bilen Ahala dolanyp gelýär. Şol gezekgi alamanda Dykma serdar altmyş adamyny ýitiripdir. Dykma serdar Büjnirdiň hany Haýdarguly han bilen oňat gatnaşyk saklaýan eken. Ýöne bir gezek dykma serdar Hywa gidende, Haýdarguly han Börmä çozypdyr. Obany alyp bilmesede, köp mal olja äkidipdir, alty sany adamyny hem ýesir alypdyr. 1867-nji ýylda Dykma serdar bu alamana jogap edip, Haýdarabadyň üstüne şowly çozuş edipdir. Säher bilen ýekeje ok atman, gala duýdansyz giripdirler, ähli erkek göbeklini gyryp, aýallary, oglan uşaklary ýesir alypdyrlar. Şonda Dykma serdaryň ýanynda 450 atly bar eken. Haýdarguly han Haýdarabada gelende, ýekeje adamam tapmandyr, ýöne Dykma serdaryň yzyndan kowmaga-da gaýraty çatmandyr. Bir ýyldan soň Haýdarguly han Dykma serdara jogap edip. Bama çozupdyr. Alty ýüz adamy ýesir äkidipdir, köp mal sürüpdir.

N.I.Grodekow Gökdepe alnandan soňam şol ýesir äkidilen adamlaryň 150-siniň Eýranda barlygyny ýazýar. Spoltbog bolsa şol 150- ýesiriň aýal-gyzlardygyny belleýär. Dykma serdar ýanyna müň atly alyp, Büjnürde barýan ýollara garawullar goýan eken. Şonuň üçinem Dykma serdar Goçanda sowulýar. Merdiwanlaryň kömegi bilen Piri hem Halwaçeşme galalaryny alýar, diri galanlary baryny ýesir sürip gaýdýar. 1870-nji ýylda Haýdarguly han ölüp, onuň ýerine ýaşajyk ogly han bolýar. Dykma serdar ýanyna alty ýüz atly alyp, Isfaraýana şowly alaman edýär. Köp ýesir, olja alýar. Ol Çilgüzer jülgesi bilen gelýärkä, Similgan atly goşunyň serdary Ýarmuhammet han duýdansyz onuň üstüne çozupdyr. Ýüz ýigrimi tekäniň kellesini alypdyrlar, ýüz segsen teke hem ýesir düşüpdir. Munyň üçin Nasreddin şa Ýarmuhammet hany Haýdarguly hanyň ýaş oglunyň deregine Büjnürde han belläpdir. Şondan soň Dykma serdar dolanyp Büjnürde alaman etmejekdigine kasam edipdir, ölýänçäde sözünde durupdyr. 1874-nji ýylda Tähran hökümeti Şuja ed-Döwläni tussag edip, ýerine täze hökümdar iberende, onuň ogly Abylhasan tekelere gelip kömek soraýar. Gorjawda maslahat geçirýärler. Goçanda alamana gitmäge bir müň ikiu ýüz atly ýygnanýar. Saýyk galasyna ýetenlerinde Goçandyň naýyby Gahryman han Dykmanyň üstüne çozýar. Söweş birnäçe sagada çekýär. Gahryman han ýeňilýär. Dykma serdar dagy bir müň bäş ýüz sany ýaby olja alypdyr. Abdylhasanam wagtlaýynça Keletä-Nurberdi hanyň ýanyna göçüp gelipdir. Ruslar 1869-njy ýylda Krasnowodskini eýelän wagtlaryndan beýläk Dykma serdaryň adyny eşdip başlapdyrlar.