logo

Latest news:
✦ Türkmen ilçisi Gazagystanyň Atçylyk sporty federasiýasynyň prezidenti bilen duşuşdy ✦ ✦ Merkezi Aziýa hyzmatdaşlyk meýdançasy ✦ ✦ Sebit ähmiýetli şäher ✦ ✦ Ýokary derejedäki hyzmatdaşlyk ✦ ✦ Türkmen türgenleri ýylyň ilkinji alty aýynda 415 medala mynasyp boldular ✦ ✦ Döredijilik dünýäsine syýahat ✦ ✦ Türkmen-amerikan hyzmatdaşlygy işjeň häsiýetde ✦ ✦ Okuwa kabul etmegiň täze meýilnamasy we tertibi tassyklanyldy ✦ ✦ Şweýsariýanyň wekilleri Döwlet energetika institutynda boldular ✦ ✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦
Home / Economics /«Durnukly ulag: durnukly ösüşe goşant» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi
  30.11.2023
576
«Durnukly ulag: durnukly ösüşe goşant» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi

Ýaňy ýakynda Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli «Durnukly ulag: durnukly ösüşe goşant» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berdi.

 

 

2023-nji ýylyň 16-njy maýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynda Türkmenistanyň başlangyjy esasynda, Milletler Bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda Kararnama kabul edildi. Netijede, 26-njy noýabr “Bütindünýä durnukly ulag güni” diýlip yglan edildi. Şeýle hem Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 2014-nji, 2015-nji, 2017-nji we 2021-nji ýyllarda BMG-niň Baş Assambleýasynyň ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlyga hil taýdan täze itergi bermäge gönükdirilen degişli Kararnamalary biragyzdan kabul edendigini nygtamaly. 

 

 

Halkara ylmy-amaly maslahatyň öňüsyrasynda ýurdumyzyň ulag-kommunikasiýa toplumynyň gazananlaryny görkezýän sergi guraldy. Ulag ulgamyny we logistikany ösdürmek, durnuklylygy üpjün etmek, ulag infrastrukturasynda tehniki taýdan hyzmat ediş işini gowulandyrmak, bu pudakda halkara goldawy giňeltmek we hyzmatdaşlygy güýçlendirmek üçin bilimleri, tejribeleri, innowasion çemeleşmeleridir çözgütleri alyşmak, sanly tehnologiýalary ulanmagyň täze mümkinçiliklerini ýüze çykarmak forumyň esasy maksadydyr. Maslahata gatnaşyjylar tutuş dünýä üçin durnukly ulag aragatnaşygyny gazanmagyň ähmiýetine we derwaýyslygyna ünsi çekip, ählumumy gün tertibiniň wezipelerini ýerine ýetirmekde durnukly ulagyň möhüm orun eýeleýändigini bellediler.

 

 

Rüstem ÇARYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň
2-nji ýyl talyby.