Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Somatoform bozulmalar we olaryň dartgynlylyk bilen baglanşygy ✦ ✦ “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” - durnukly we bagtyýar geljegiň kepili ✦ ✦ Nanotehnologiýalaryň lukmaçylykda ähmiýeti ✦ ✦ Bitaraplyk — Parahatçylygyň Binýady ✦ ✦ Magtymguly Pyragy – beýik akyldar ✦ ✦ Daşary ýurt Hukuk diplomlary üçin täze talaplar we üýtgeşmeler ✦ ✦ Türkmenistanyň saglyk ulgamynda sagaldyş-dikeldiş merkezleriniň orny ✦ ✦ Gahryman Arkadagyň eserleri ✦ ✦ Newroz - psihologiki durnuksyzlyk ýagdaýydyr. ✦ ✦ Ýylyň şygary mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /Durmuş-ykdysady ösüşiň mümkinçilikleri
  05.05.2024
229
Durmuş-ykdysady ösüşiň mümkinçilikleri

Ýurdumyzyň ykdysadyýet, maliýe-bank toplumynyň alyp barýan işleri ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşi, Garaşsyz Watanymyzyň gazanýan üstünlikleri hem-de halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşy bilen berk baglanyşyklydyr. Häzirki wagtda döwletimiz bu ulgamy ösdürmek üçin ähli zerur tagallalary yzygiderli amala aşyrylýar.  

 

Toplumyň işiniň döwrüň talabyna laýyk derejede kämilleşdirilmegi, onuň düzümleriniň sazlaşykly hereketiniň üpjün edilmegi hem-de netijeliliginiň ýokarlandyrylmagy ýurdumyzyň ösüşine, kabul edilen döwlet maksatnamalarynyň talaba laýyk ýerine ýetirilmegine, amala aşyrylýan özgertmeleriň depginini çaltlandyrmaga oňyn täsirini ýetirýär.

 

Häzirki wagtda mili ykdysadyýete goşmaça maýa goýum serişdelerini çekmek, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak ýaly ugurlara möhüm üns bilen garalýar. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzda raýatlaryň durmuş goraglylygyny, iş üpjünçiligini, ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrýan özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar.

 

Garaşsyzlyk ýyllarynda halkymyzyň durmuş goraglylygyna degişli birnäçe kanunçylyk namalary kabul edildi. Hereket edýänleri bolsa has-da kämilleşdirildi. Raýatlaryň pensiýa, aýratyn toparlaryň döwlet kömek pullary bilen üpjünçiliginiň, şeýle hem weteranlaryň we maýyplygy bolan adamlaryň durmuş taýdan goralmagynyň döwlet kepillikleri Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakyndaky kodeksinde öz mazmunyny tapýar. 

 

Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksinden başga-da, raýatlaryň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün edýän kanunçylyk namalarynyň hatarynda Türkmenistanyň Ýaşaýyş jaý kodeksini, Maşgala kodeksini, Zähmet kodeksini, Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyny döretmek hakynda, Döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy hakynda, Durmuş hyzmatlary hakynda, Hossarlyk we howandarlyk hakynda, Ilatyň iş bilen üpjünçiligi hakynda Kanunlaryny görkezmek bolýar. Şu we beýleki kanunçylyk namalarynyň üsti bilen zähmete ukypsyzlara, maýyplarа, çagaly maşgalalarа we beýleki adamlarа pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň tölenmegi hem-de durmuş ýeňillikleriniň berilmegi görnüşinde maddy üpjünçilik we durmuş hyzmatlary, iş we ýaşaýyş jaý üpjünçiligi amala aşyrylýar. 

 

Süleýman GARAÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.