Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Dekabr aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreler ✦ ✦ Ýurdumyzda Turkiýanyň eksport harytlarynyň sergisi geçiriler ✦ ✦ Maşgala terbiýesiniň orny we ähmiýeti ✦ ✦ Oba hojalyk ekinleriniň täze sortlary hasyllylygyň kepili ✦ ✦ Magtymguly Pyragy medeni-seýilgähindäki şahsyýetler: Saýido Nasafi ✦ ✦ Türkmen oba hojalyk instituty bilim we ylmyň baglanyşygyny berkitýär ✦ ✦ Täze okuw kitabynyň neşiri bilim ulgamyna uly goşantdyr ✦ ✦ Türkmen milli gymmatlyklary täze okuw kitabynda orun alýar ✦ ✦ Türkmeniň goşa ganaty ✦ ✦ Ýaşlar baýragy ― ýaşlygyň serpaýy ✦
Baş sahypa / Gyzykly /Dünýäniň iň kiçi ilatly adalary
  21.01.2023
1827
Dünýäniň iň kiçi ilatly adalary

Mon-Sen-Mişel, Fransiýa. Fransiýanyň demirgazyk-günbatar kenarynda ýerleşýän bu ada, esasan, suwuň üstündäki galadyr. Meýdany diwarlar we diňler bilen gurşalan, adanyň ortasynda jaýlar we dürli binalar bar. Gün ýaşyp başlansoň, adanyň yşyklandyrylmagy netijesinde ajaýyp ýere öwrülýär. Köp sanly medeni hazynasy bolan ajaýyp ada her ýylda 1,5-2 million syýahatçynyň ünsüni özüne çekýär. 

Loreto, Italiýa. Bu ajaýyp ýer ençeme asyr bäri owadanlygy bilen özüne çekýär. Loreto Demirgazyk Italiýanyň Izeo kölündäki kiçijik adadyr. Ilkibaşda bu ýerde monahlar ýaşapdyr. Häzirki wagtda Italiýadaky bu kiçijik ada ýurduň hakyky gymmatlyklaryna öwrülen ajaýyp desgadyr. 

Danbar, Gonduras. Bu adanyň üstünde hem diňe bir bina bar. Häzirki wagtda ol myhmanhana hökmünde peýdalanylýar. Bu ada myhmanhanasy dünýä syýahatçylaryň we suwa çümmek boýunça höwesjeňleriň arasynda meşhur bolan adaty bolmadyk ýerdir. 

Wisowas, Horwatiýa. Adanyň ajaýyp tegelek görnüşi bar we onuň çäginde Fransisko monastyry bar. Ybadathana onlarça serwiler we beýleki agaçlar bilen gurşalan. Kenar ýakasynyň uzynlygy bary-ýogy ýarym kilometre barabar bolan bu ada günüň dowamynda birnäçe gezek aýlanyp bolýar. 

Wilgelmşteýn, Germaniýa. Bu ýerde köp ösümlik we agaç görnüşleri bolup, bu bolsa adanyň ençeme guşlaryň we haýwanlaryň hakyky mesgenine öwrülmegine sebäp bolýar. Adanyň töweregindäki suw gurşawy sözüň doly manysynda balyklaryň dürli görnüşlerine diýseň baýdyr. Şeýle hem adanyň ortasynda gurlan berk bina haýran galdyrýar. Ilkibaşda ada suwuň üstünde gala hökmünde guruldy. Häzirki wagtda bu ýerde muzeý hem bar. 

Bled kölündäki ada, Sloweniýa. Bu ada Karib deňziniň kenaryndan 20 km uzaklykda ýerleşýär. Günbatar ýarym şarda iň uly merjen gaýasy hem şu ýerde ýerleşýär. Adada 1500-den hem az ilat ýaşaýar. Bu ada XIX asyryň ortalaryna çenli adamsyz ýaşaýardy ýa-da beýleki işler üçin bu ýere diňe iňlis gämileri gelýärdi. Häzirki wagtda ada kiçijik hem bolsa meşhur şypahana öwrüldi. 

Günorta Bas, ABŞ. Dünýädäki iň kiçi syýahatçylyk adasy bolup, ABŞ-nyň Ogaýo ştatyna degişli Eri kölüniň suwunyň şol böleginde ýerleşýär. Kiçijik adada ýerli ilatyň işleýän ýerinde kiçijik piwo we çakyr önümçiligi ýerleşýär. Adada 400-den köp adam ýaşamaýar. Syýahatçylar bu ýere kölde gaýyk sürmek we düşelgelerde janly tebigatda ýaşamak üçin gelýärler. 

Saba, Kiçi Antil adasy. Karib deňziniň günbatarynda 1200 ilaty bolan Saba adasy ýerleşýär. Aýlanmak üçin iň amatly wagt ýanwar-mart aýlarydyr. Adadaky wulkanlar örän özüne çekijidir. Bu ýerde özboluşly deňiz seýilgähi bar. 

Korwu, Azor adalary. Bu ada Azor adalarynyň iň kiçisidir. Onda özboluşly rahat atmosfera höküm sürýär we adanyň tebigaty, ýaşyl landşaftlary, gülli depeleri, ajaýyp kölleri we gaýa kenarlary owadan gözellikleri bilen syýahatçylary özüne çekýär. Adada 500 töweregi adam ýaşaýar. Örän oňaýly kiçijik şäherde jaýlar gara daşdan gurlup, olaryň arasynda dar köçeler bar. 

Kiçi Sent-Saýmons, ABŞ. Bu adada bary-ýogy 25 adam ýaşaýar we galan ilaty syýahatçy. Ada Atlantik ummanynyň suwlarynda ýerleşýär we ada arhipelagynyň bir bölegidir. Adanyň arassa çägeli kenarlary we sosna agaçlary bar. Syýahatçylyk möwsüminiň iň amatly wagty ýaz paslydyr. 

Benguerra, Mozambik. Mozambik arhipelagynda milli deňiz goraghanasynyň ýerleşýän Benguerra adasy bar. Bu ýerde guşlaryň dürli görnüşleri bar. Adanyň gündogaryndan bir ýarym kilometr uzaklykda meşhur merjen gaýalary ýerleşýär. Bu ýerde örän owadan merjenler emele gelýär. Tropiki zonada ýerleşýän Mozambik adalarynda tomus möwsümi bütin ýyl höküm sürýär.

 

Bahar BERDIÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.