Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Dekabr aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreler ✦ ✦ Ýurdumyzda Turkiýanyň eksport harytlarynyň sergisi geçiriler ✦ ✦ Maşgala terbiýesiniň orny we ähmiýeti ✦ ✦ Oba hojalyk ekinleriniň täze sortlary hasyllylygyň kepili ✦ ✦ Magtymguly Pyragy medeni-seýilgähindäki şahsyýetler: Saýido Nasafi ✦ ✦ Türkmen oba hojalyk instituty bilim we ylmyň baglanyşygyny berkitýär ✦ ✦ Täze okuw kitabynyň neşiri bilim ulgamyna uly goşantdyr ✦ ✦ Türkmen milli gymmatlyklary täze okuw kitabynda orun alýar ✦ ✦ Türkmeniň goşa ganaty ✦ ✦ Ýaşlar baýragy ― ýaşlygyň serpaýy ✦
Baş sahypa / Gyzykly /Dünýäniň iň gymmat kompaniýalary
  14.01.2023
1332
Dünýäniň iň gymmat kompaniýalary

«Apple». Merkezi edarasy ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynda ýerleşýän «Apple» dünýädäki iň gymmat brend hasaplanýar. Kompaniýanyň nyşanyny bilmeýän az bolsa gerek. Bu kompaniýa 1976-njy ýylyň 1-nji aprelinde esaslandyryldy. Kompaniýa ilkibaşda öý kompýuterlere mahsus modelleri öndürip başlady. Soňky ýyllarda meşhurlygy has-da artan ykjam «iPhone» smartfonlaryny we «Pad» planşetlerini öndürmegi bilen meşhurlygy örän ýokarlandy. Kompaniýanyň esasy öndürýän önümleri akylly sagatlar, kompýuterler, noutbuklar, planşetler, smartfonlar we ş.m. bolup durýar. Häzirki wagtda meşhur kompaniýanyň dünýä ýüzünde 132 müň töweregi işgäri, ençeme şahamçalary, söwda dükanlary we hyzmat ediş merkezleri hereket edýär.

«Microsoft». 1975-nji ýylda dünýäniň iň baý adamlarynyň biri bolan Bill Geýts tarapyndan döredilen bu kompaniýa bütin dünýäde meşhurdyr. Korporatiw ştab kwartirasy ABŞ-nyň Waşington ştatynda ýerleşýän  «Microsoft» ilkibaşda öý kompýuterlerinde hasaplaýyş işi üçin amatly bolan programma üpjünçiligi hökmünde döredi. Onuň Windows operasion ulgamy atly programma üpjünçiligi adaty ulanyjylara kompýuterde hasaplaýyş endiklerini aňsatlyk bilen özleşdirmäge şert döredýär. Häzirki wagtda «Microsoft» öz ykjam enjamlaryny, esbaplaryny, wideo, ses enjamlaryny önümçiligini alyp barýar. 

«Google». Baş edarasy ABŞ-nyň Kaliforniýa şäherin¬de ýerleşýän, internet torundaky iň uly gözleg ulgamy bolan «Google» ähli ýaşdaky internet ulanyjylaryna mälim bolsa gerek. Bu kompaniýa dünýäde ikinji orunda durýar. 1993-nji ýylda döredilen kompaniýa günde milliardlarça gözleg hyzmatyny amala aşyrýar. «Google» häzirki wagtda ykjam enjamlary we programma üpjünçiligini öndürmek bilen «YouTube», «Gmail», «Google Maps» we ş.m. belli internet hyzmatlaryna hem eýelik edýär. 

«Samsung». Koreýa Respublikasynyň Kýon¬gi¬do şäheriniň merkezi bolan  Suwonda ýerleşýän bu meşhur kompaniýa elektronika öndürijisi hökmünde bütin dünýäde bellidir. Kompaniýa 1938-nji ýylda Koreýa Respublikasynda esaslandyrylyp, 1980-nji ýylda ilkinji modellerini satuwa çykardy. 1983-nji ýylda şahsy kompýuterleri, 1991-1992-nji ýyllarda ilkinji el telefonlaryny öndürip başlady.

«Amazon». Dünýäde iň meşhur  kompaniýalaryň hatarynda durýar. Internet ulanyjylar we öndürijiler «Amazon» web sahypasyny onlaýn meýdança hökmünde ulanyp, islendik önümi özbaşdak satmaga mümkinçilik alýarlar. Kompaniýa 1994-nji ýylda Jeff Bezos tarapyndan esaslandyrylyp, onuň merkezi Waşingtonyň Sietl şäherinde ýerleşýär.

«Coca-Cola». Meşhur gazlandyrylan alkogolsyz içgileriň dürli görnüşlerini öndürýän «Coca-Cola» kompaniýasy 1882-nji ýylda esaslandyryldy. Häzirki wagtda  ýokary girdejili we köp işgärli «Coca-Cola» brendiniň gymmaty örän ýokary bolup, baş edara binasy ABŞ-nyň Jorjiýa ştatynyň Atlanta şäherinde ýerleşýär.

 

Wahypjan PERMANKULYÝEW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 3-nji ýyl talyby.