logo

Latest news:
✦ Türkmenabatda mugallymçylyk institutynyň täze toplumy açyldy ✦ ✦ Binagärlik-gurluşyk institutynyň täze toplumy ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦
Home / Society /«Dünýäniň görki siz mährem eneler!» atly aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi
  01.03.2023
1094
«Dünýäniň görki siz mährem eneler!» atly aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi

Halkara zenanlar güni mynasybetli Tejen etrabyndaky «Bagt ýoly» toý mekanynda etrap häkimliginiň, etrap medeniýet bölüminiň hem-de etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda «Dünýäniň görki siz mährem eneler!» atly aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Oňa etrabyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän gelin-gyzlar, kümüş saçly mährem eneler gatnaşdy.

Toý saçagynyň başyna ýygnanan ýaz göwünli zenanlar birek-birege iň ýakymly arzuwlaryny beýan etdiler. Etrap medeniýet bölüminiň aýdymçylarynyň türkmen zenanlarymyzy wasp edýän aýdymlary, tans toparlarynyň ýerine ýetiren tanslary, sazandalaryň şirinden-şirin ajaýyp sazlary, sahna wäşileriniň şadyýan çykyşlary bu ýere gelenlere şatlyk-şowhun paýlady.

Dabara gatnaşyjylar ýurdumyzda mährem enelerimize, gelin-gyzlarymyza belent sarpa goýýan Gahryman Arkadygymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.