logo

Latest news:
✦ Türkmenabatda mugallymçylyk institutynyň täze toplumy açyldy ✦ ✦ Binagärlik-gurluşyk institutynyň täze toplumy ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦
Home / Society /Dünýäniň durky — zeminiň berki zenanlar
  02.03.2023
1166
Dünýäniň durky — zeminiň berki zenanlar

Mälim bolşy ýaly, 8-nji mart Halkara zenanlar güni hem barha golaýlaýar. Milli ýörelgelere laýyklykda geçirilýän bu baýram döwletimizde gelin-gyzlara bolan mähirli gatnaşyklary äşgär edýär. 

Täze taryhy eýýamyň zähmetsöýer zenanlary milli ruhy gymmatlyklary hem-de halkymyzyň döreden dünýä nusgalyk däp-dessurlaryny döwrebap derejede dowam etdirmek bilen döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda bolup geçýän möhüm wakalara işjeň gatnaşýarlar. Olar döwlet, häkimiýet we dolandyryş edaralarynda, ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda, ylym we bilim, medeniýet we saglygy goraýyş ugurlarynda zähmet çekýärler, telekeçilik işini alyp barýarlar we ata Watanymyzyň belent derejelere ýetmegine, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýaýbaňlandyrylan oňyn özgertmeleriň amala aşyrylmagyna mynasyp goşant goşmak arkaly jemgyýetçilik işleri bilen meşgullanýarlar.

Baýramçylygyň öňsyrasynda, Arkadagly Serdarymyz ýurdumyzyň ähli zenanlaryna — edaralarda we kärhanalarda zähmet çekýän gelin-gyzlara, hormatly dynç alyşdaky enelere, okuwçy gyzlara we çagalar baglarynda terbiýelenýän gyzjagazlara pul sylaglaryny gowşurmak hakyndaky Buýruga gol çekdi. Bu bolsa baýramçylyk şatlygyny has-da belende göterdi.

Maşgalada esasy ornuň enelere degişlidigi gürrüňsiz hakykatdyr. Munuň özi ruhy, medeni bitewülige, birek-birege bolan söýgä we alada esaslanýan köpasyrlyk ýörelgeleriň mynasyp dowamydyr.

Ýurdumyzyň aýal-gyzlary döwletimizde oňyn özgertmeleriň amala aşyrylýandygy, parahatçylygyň we döredijiligiň möhüm şerti bolan abadan durmuşyň üpjün edilmegi ugrunda zerur şertleriň döredilýändigi üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Serdarymyza çuňňur hoşallyk sözlerini beýan edýärler.  

 

Aýna ATAGELDIÝEWA, 

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk 
institutunyň mugallymy.