logo

Latest news:
✦ Türkmenabatda mugallymçylyk institutynyň täze toplumy açyldy ✦ ✦ Binagärlik-gurluşyk institutynyň täze toplumy ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦
Home / Sports /Dünýäň dardyr sagat janyň bolmasa
  02.05.2021
937
Dünýäň dardyr sagat janyň bolmasa

     Häzirki döwürde köpçülikleýin  habar beriş serişdeleriniň üsti bilen berilýän daşary ýurtlarda “Koronawirus” atly ýokanç keseli bilen keselleýän adamlaryň sanynynyň gün saýyn artýandygy, adam pidalaryna getirýändigini, nä derejede şu keseliň agyrdygy öz-özünden düşnükli.

      Ýurdumyzda  adam hakdaky alada döwlet syýasatymyzyň ileri tutlýan ugurlarynyň biri bolmak bilen ilatymyzyň saglygyny dürli kesellerden gorap saklamakda döwlet derejesinde uly işler alnyp barylýar.

      Biziň ýurdumyzda ýylyň ilkinji aýlaryndan başlap ýokanç keseli ýurda aralaşdyrmazlyga gönükdirilen işleriň netijesinde biziň ýurdumyzda şol kesel ýok diýip açyk aýdyp bolýar.

      Şoňa garamazdan öňüni alyş çäreleri bolan hlor ergini, üzärlik tüssesi, elleriňi tämizleýän serişdeler, el-ýüzüňi ýyly suwda sabynlap ýuwmak ýaly çäreler ýurdumyzyň edara-kärhanalary, orta mekdepleri, çagalar baglary, oba geňeşlikleri  bilen bir hatarda ýurdumyzyň Döwlet Serhet gullugyna, Içeri işleri ministrligine  we Goranmak ministrligine degişli harby bölümlerde hem-de harby birliklerde giňden ulanmaklyk wagyz-nesihat işlerimizde maslahat berilýär.

        Bu işe Ahal welaýatynyň çäginde ýerleşýän harby bölümleriň şahsy düzümi hem işjeň gatnaşyp, ýokanç keselleriň harbylaryň arasynda ýaýramagyna garşy gönükdirilen çäreleri yzygider guraýarlar.

     Ýagny, harby bölümlerde gullukçylarynyň bolýan dolandyryş bölümleriniň gulluk otaglarynda, ýatakhanalarda, esgerleriň naharhanalarynda, medeniýet öýlerinde, ýygnaklar zallarynda, harby sport toplumlarynda, harby gullukçylaryň ýaşaýan harby şäherçelerinde we olaryň daş töwereginde “gippohlorid” ergini bilen arassaçylyk işleriniň geçirdilmegi, güniň iki wagtyna “üzärlik” tütetmek işleriniň geçirdilmegi, harby gullukçylaryň beden gyzgynlygynyň derejesiniň gözegçilikde saklanylmagy ýola goýuldy.

Geçirilýän işler öz oňaýly täsirini ýetirjekdigine berk ynanýarys.