logo

Soňky täzelikler:
✦ Hazar deňziniň tebigy baýlyklaryny goramakda ekologiýa medeniýetiniň ähmiýeti ✦ ✦ Hazar deňziniň suw derejesiniň üýtgemegi ylmy barlaglaryň ähmiýetini artdyrýar ✦ ✦ DARYA maksatnamasynyň Ýokary derejeli toparynyň 5-nji mejlisi başlady ✦ ✦ Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Ferdöwsi uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy ✦ ✦ Awa­za­da Ha­zar eko­lo­gi­ýa sam­mi­ti ge­çi­ril­di ✦ ✦ Oba hojalygynda sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy ýokary derejede bellenildi ✦ ✦ Alymlar galyňlygy üç atoma deň bolan ultraýuka linzany döretdiler ✦ ✦ «Ýandeks» aýdym-saz maslahatlary üçin Sona atly täze neýrotory hödürledi ✦ ✦ Türkiýede ahalteke bedewlerine gyzyklanma artýar ✦
Baş sahypa / Gyzykly /Dünýä ýazyjylaryň meşhur kitaplary
  29.10.2022
1126
Dünýä ýazyjylaryň meşhur kitaplary

Häzirki wagtda iň meşhur daşary ýurtly ýazyjylar hökmünde «Garri Potter»-iň awtory Joan Rouling, «Soň» atly romanlar seriýasynyň ýazyjysy Anna Todd we «50 öwüşgin» trilogiýasynyň awtory E.L.Jeýms diýlip hasap edilýär.

«Soň» atly romanlar seriýasynyň awtory amerikan ýazyjy zenan Anna Todduň eserleri dünýädäki iň köp satylýan kitaplara öwrülip, onuň kitaplary esasynda birnäçe filmler surata düşürildi. Şonuň bilen birlikde britan ýazyjysy Joan Roulingiň «Garri Potter» baradaky kitaplary 500 milliondan gowrak nusgada neşir edilip, meşhur awtoryň kitaplary bütin dünýäde uly meşhurlyga eýe boldy.

Mundan başga-da, «Iýmek, doga etmek, söýmek» we «Zenanlar şäheri» atly eserleriniň awtory amerikan ýazyjy zenan Elizabet Gilbertiň kitaplary dünýäniň iň köp satylan kitaplarynyň hataryna goşuldy.

Dünýä belli daşary ýurtly ýazyjylaryň iň meşhur kitaplary esasan häzirki wagtda elektron görnüşde ýaýradylyp, bu ugurda Anna Todduň «Soň» romany öňdäki orny eýeleýär. Anna Todduň eserinden soňra, «Robert Gelbreýt» lakamy bilen neşir edilen «Erbet hun» atly Joan Roulingiň detektiw romany ikinji orunda durýar. Üçünji orunda bolsa, iň köp satylan we uzak ýyllaryň dowamynda döreden Donna Tarttyň «Alatogan» atly romany eýeleýär. Mundan başga-da, ilkinji bäşlige E.L.Jeýmsiň «50 öwüşgini», Joan Roulingiň «Garri Potter we filosof daşy» eseri bilen birlikde onuň «Ikatýogyň çagyryşy» romany girýär.  

 

Aýdyň KURÝAZOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.