Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Gün energiýasyndan peýdalanmagyň mümkinçilikleri ✦ ✦ Agro pack sergisi öz işini tamamlady ✦ ✦ Ak bagtym sen, paýtagtym sen Aşgabat! ✦ ✦ Köpasyrlyk arzuwyň aýdyň dabaralanmasy ✦ ✦ Halkara zähmet maslahatynyň 112-nji mejlisi geçiriler ✦ ✦ “Gilgameş” spektaklynyň ilkinji gezek görkezilişi boldy ✦ ✦ Türkmenistanda biotehnologiýany ösdürmek boýunça maksatnama kabul edildi ✦ ✦ Bäherden etrabynyň hassahanasyna täze medisina enjamlary sowgat berildi ✦ ✦ Babadaýhan etrabynda "Çalsana bagşy" bäsleşiginiň saýlama tapgyry geçirildi ✦ ✦ Saud Arabystan Türkmenistana 25 tonna hurmany sowgat hökmünde ugratdy ✦
Baş sahypa / Tehnologiýa /Dünýä 6G ulgamyna geçýär
  04.05.2024
59
Dünýä 6G ulgamyna geçýär

Häzirki wagtda tehnologiýanyň ösmegi bilen dünýä ýüzünde kiberbäsdeşlik gün-günden ösýär. Ýaňy ýakynda Ýaponiýanyň tejribeli alymlary NTT Docomo we NTT operatorlary 6G-niň synagdan geçirdiler bu gurluş, maglumatlary 100 metr aralyga sekuntda 100 GB tizlik bilen geçirmäge ukyplydyr. Dünýäde ilkinji gezek döredilen bur gurluş 5G-den 20 esse çaltdyr.

 

Mundan öňki wagtdaky geçirilen synaglar bilen deňeşdirilende bu uly ösüş bolup onuň kömegi arkaly sekuntda bäş sany HD filmi geçirip bolýar. Dünýä ýüzünde öň 240 Gbit/s çenli rekord tizlige ýetmek başartdypdy, emma şol wagtdaky aralyk bary-ýogy 20 metr boldy.

 

6G-niň bilen 5G-niň arasyndaky esasy tapawudy, iş diapazonyň ýokary bolmagydyr. 5G adatça, 40 GGs çenli diapazony ulanýar, 6G bolsa 100 GGs-den 300 GGs-e çenli diapazony ulanyp bilýär.

 

Ýaponiýanyň NTT Docomo we NTT operatorlary 6G-niň synaglaryna Fujitsu, NEC we Nokia enjam öndürijileri bilen başladylar. 6G torunyň 2030-njy ýyla çenli ýola goýulmagyna garaşylýar.

Dawut Döwletgeldiýew,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
2-nji ýyl talyby,
TKA-nyň talyp hakynyň eýesi