Berkarar Watanymyzda merdana türkmen halkynyň şu güni, şöhratly geljegi onuň agzybirliginde, jebisliginde, hatar-hatar obalary, şäherleri, şäherçeleri, ýaşaýyş toplumlaryny döretmeginde, bir başa gulluk etmeginde jemlenendir. Özboluşly sungat eserini ýada salýan döwrebap künjekler ajaýyplygy, bitirilen beýik işler bilen bitewülikde halkymyzda egsilmez güýji, ruhubelentligi kemala getirýär. Dünýäniň öňdebaryjy enjamlary bilen üpjün edilen täze desgalaryň ulanylmaga berilmegi milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek hem-de senagatlaşdyrmak, onuň ähli pudaklarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak, innowasion tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmak boýunça ýaýbaňlandyrylan giň gerimli maksatnamalary durmuşa geçirmekde nobatdaky möhüm ädimdir. Diýarymyzyň dürli sebitlerinde täze, döwrebap ýaşaýyş toplumynyň, umumybilim berýän mekdebiň, çagalar bagynyň, söwda-dynç alyş merkeziniň we beýleki desgalaryň gurulmagy ömürlere bagtyň şuglasyny çaýýar. Bu durmuş maksatly taslamalar ýurdumyzyň çäkleriniň giňelmegine we özgermegine goşantdyr. Häzirki döwürde paýtagtymyz Aşgabadyň döwrebap ýol-ulag düzümi, şäher ilatynyň amatly durmuşyny üpjün etmek üçin degişli inženerçilik ulgamy döredildi. Aýratyn bellenmeli zatlaryň biri hem olaryň ählisinde iň täze tehnologiýalaryň işjeň ulanylmagydyr. Munuň özi amala aşyrylýan beýik işleriň toplumlaýyn we sazlaşykly alnyp barylýandygyny şertlendirýär. Önümçiligiň geriminiň giňeldilmegi we döwrebaplaşdyrylmagy, öňden bar bolan senagat desgalarynyň dünýäniň iň ösen tehniki enjamlary bilen gaýtadan enjamlaşdyrylmagy, täze ugurlary ornaşdyrmaga gönükdirilýän iri maýa goýum serişdeleriniň netijeli özleşdirilmegi ýurdumyzyň senagat taýdan kuwwatlanmagyna giň mümkinçilikleri döretdi we ykdysady pudaklaryň işleriniň sazlaşykly ýola goýulmagyna, üstünlikleriň gazanylmagyna netijeli täsir etdi. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň ösüşini innowasion mazmunda ýola goýmak, ilatyň iş bilen üpjünçiligini gazanmak, ýaşaýyş-durmuş şertlerini düýpli gowulandyrmak babatda bitirilýän beýik işler her bir türkmenistanlyny täze zähmet ýeňişlerine ruhlandyrýar. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde gurulýan senagat-önümçilik desgalary, durmuş maksatly binalar, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy, medeni dynç alyş ýerleri, milli seýilgähler, döwrebap sport desgalary ýaly onlarça taslamalar boýunça ýetilen belent sepgitler, bilim, ylym, medeniýet ulgamyndaky okgunly ösüşler halkymyzyň röwşen geljegine gönükdirilendir.
Ýagmyrgeldi DÖWRANGELDIÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň 1-nji ýyl talyby.