logo

Latest news:
✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦ ✦ Türkmen ilçisi Gazagystanyň Atçylyk sporty federasiýasynyň prezidenti bilen duşuşdy ✦ ✦ Merkezi Aziýa hyzmatdaşlyk meýdançasy ✦ ✦ Sebit ähmiýetli şäher ✦ ✦ Ýokary derejedäki hyzmatdaşlyk ✦ ✦ Türkmen türgenleri ýylyň ilkinji alty aýynda 415 medala mynasyp boldular ✦
Home / Science and Education /Döwrüň talabyndan ugur alyp
  12.10.2022
794
Döwrüň talabyndan ugur alyp

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ykdysady, syýasy, medeni we beýleki ugurlar bilen birlikde, ylym, bilim ulgamy hem uly ösüşlere beslenýär, jemgyýetimizi ösdürmekde aýratyn orny eýeleýär. Bu babatda döwletimizde häzirki döwürde ähli şertler döredildi. Bilim ulgamyna sanly serişdeleriň, öňdebaryjy kompýuter we multimediýa enjamlarynyň ornaşdyrylmagy nobatdaky möhüm we düýpli ädimleriň hatarynda durýar.

Ata Watanymyzyň ýagty geljegi ösüp gelýän ýaş nesliň bilimine, zehinine we höwesine köp derejede baglydyr. Şu nukdaýnazardan ýaşlaryň biliminiň hiliniň ýokarlandyrylmagyna, onuň halkara ölçeglerine laýyk getirilmegine uly üns berilýär, ýaş oglanlaryň we gyzlaryň häzirki zaman ylmynyň we täze tehnologiýalaryň gazananlaryny özleşdirip bilmekleri üçin ähli şertler döredilýär. Ýaş nesliň mynasyp derejede bilim almagyny üpjün etmek hem-de hünär başarnyklaryny artdyrmak, ýokary bilimli, beden taýdan sagdyn, watançylyk ruhundaky giň dünýägaraýyşly şahsyýetleri ýetişdirmek maksady bilen, bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn we okuw-usulyýet binýady yzygiderli kämilleşdirilýär.

Bilim ulgamynyň döwrebap mazmuny adamzat ýaşaýşynyň aň-düşünjesini häzirki zamanyň ösen talaplaryna kybapdaş dowam etdirmekdir, onuň geçmiş mirasyny we häzirki gazananlaryny dolulygy bilen geljekki nesillere ýetirmekdir. Şoňa görä, kämil nesli kemala getirmek bilim ulgamynyň öňünde durýan döwlet derejesindäki baş aladalaryň biri hökmünde öňe çykýar.

Eziz Watanymyzyň ösüşli menzillerine özüniň mynasyp goşantlaryny goşjak ýokary bilimli hünärmen ýaşlary kemala getirmek maksady bilen ýaş nesle berilýän bilimiň hilini gowulandyrmak, olaryň ylym-bilim mümkinçiliklerini has-da artdyrmak, döwletimiziň ähli bilim edaralarynda sanly ulgamy ornaşdyrmak, ýaşlaryň giň dünýägaraýyşly, kämil nesiller bolup ýetişmegi ugrunda özüniň döredijilikli başlangyçlaryny öňe sürýän, ýaşlara okamaga, öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys.

 

Abdyrahmanberdi HUDAÝBERDIÝEW,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň
Ýakyn gündogar dilleri kafedrasynyň mugallymy.