Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Somatoform bozulmalar we olaryň dartgynlylyk bilen baglanşygy ✦ ✦ “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” - durnukly we bagtyýar geljegiň kepili ✦ ✦ Nanotehnologiýalaryň lukmaçylykda ähmiýeti ✦ ✦ Bitaraplyk — Parahatçylygyň Binýady ✦ ✦ Magtymguly Pyragy – beýik akyldar ✦ ✦ Daşary ýurt Hukuk diplomlary üçin täze talaplar we üýtgeşmeler ✦ ✦ Türkmenistanyň saglyk ulgamynda sagaldyş-dikeldiş merkezleriniň orny ✦ ✦ Gahryman Arkadagyň eserleri ✦ ✦ Newroz - psihologiki durnuksyzlyk ýagdaýydyr. ✦ ✦ Ýylyň şygary mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Döwrüň talaby — ösüşiň binýady
  10.11.2024
164
Döwrüň talaby — ösüşiň binýady

Sanly ulgama geçmek, ähli pudaklara bu ulgamyň mümkinçiliklerini ornaşdyrmak häzirki döwrüň esasy talaby we zerurlygydyr. Çünki bu döwrebap usullar islendik işiň netijeliligini ýokarlandyrmaga, gyradeň ösüşi we öňegidişligi gazanmaga mümkinçilik berýär. Şol sanda ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň konsepsiýasynyň işlenilip taýýarlanylmagy we onuň tapgyrma-tapgyr durmuşa ornaşdyrylmagy netijesinde, ýaşlara berilýän bilimiň mazmuny baýlaşdyrylýar, hili ýokarlandyrylýar we okatmagyň usulyýeti kämilleşdirilýär. Şol bir wagtyň özünde, bu ugurdaky işler häzirkizaman elektron hyzmatlaryny ulanmagyň gerimini giňeltmäge we ýaşlaryň bu mümkinçilikleri ýerlikli ulanyp bilmeklerine şert döredýär.

 

Ýurdumyzyň ylym we bilim edaralarynyň internet ulgamy we elektron serişdeler bilen üpjünçiliginiň ýokarlandyrylmagy diňe bir ylym-bilim öwrenýänlere täze mümkinçilikleri açman, eýsem, mugallymlaryň hem işlerini halkara ölçeglerine laýyklykda guramagyny, maglumat serişdelerine we mümkinçiliklerine elýeterliligini gazandyrýar. Bu ýerde aýratyn bellenilmegi ýagdaýlaryň ýene-de biri kitaplaryň, okuw gollanmalarynyň, sözlükleriň we beýleki neşirleriň elektron görnüşleriniň ulanylmagynyň durmuşymyza we işimize giňden ornaşmagydyr. Munuň özi az wagtyň dowamynda köp maglumatlary öwrenmegimize, bilimlerimizi baýlaşdyrmagymyza getirýär. Şeýle hem bilim edaralarynda sapaklaryň interaktiw usulda geçirilmegi we olaryň wideoýazgylar, prezentasiýalar, suratly sowalnamalar bilen berkidilmegi öwrenilenleriň ýatda galma mümkinçiligini has-da artdyrýar.

 

Ýurdumyzyň bilim ojaklarynda sanly bilim we elektron kitaphana portallarynyň işiniň ýola goýulmagy mekdep okuwçylarynyň we talyplaryň bilimlerini kämilleşdirmäge uly mümkinçilikleri açýar. Şeýlelikde, jemgyýetimizde ösen aň-bilimli, giň dünýägaraýyşly, döwür bilen aýakdaş gidýän ýaşlaryň täze nesli kemala gelýär.

 

Nargiza TAÝYROWA,
Çärjew etrabyndaky 5-nji çagalar bagynyň terbiýeçisi.