Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ “Iň eýjejik gyzjagaz – 2025” atly bäsleşik yglan edildi! ✦ ✦ Sanly ulgam we ýaşlar ✦ ✦ “Talyp Gözeli – 2025” atly gözellik bäsleşigi yglan edildi! ✦ ✦ Döwlet gümrük gullugynda Gözegçilik-seljeriş merkezi işe girizildi ✦ ✦ Süýjüli diabet keseliniň patogenezi ✦ ✦ Paýtagtymyzyň asma ýolunda abatlaýyş İşleri geçiriler ✦ ✦ "Hakyda göwheri" - Dünýä paýhas bilen aýlanýar, zehin bilen nurlanýar ✦ ✦ Жаутыковская олимпиада: Успех туркменской молодежи ✦ ✦ Žautykow Olimpiadasy: Türkmen ýaşlarynyň üstünligi ✦ ✦ Halkara saglygy goraýyş ulgamynda Telemedisinanyň ähmiýeti ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Döwrümize şan getirmek – ýaşlaryň baş maksady
  23.03.2023
597
Döwrümize şan getirmek – ýaşlaryň baş maksady

Bagtyýar zamanda her bir güni üstünlikler bilen rowaçlanýan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýyly rowaçlanýan başlangyçlary bilen döwrümiziň şanyna şan, Watanymyzyň şöhratyna şöhrat goşýar. Şanly ýylymyzyň şygary bagtyýar ýaşlaryň watançylyk ruhuny ýokarlandyrmaga, ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemäge, ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine gönükdirilen taslamalardyr maksatnamalary amala aşyrmakda goşantlaryny goşmaga ýardam edýär. Ýaşlar üçin uly mümkinçilikleriň ýyly bolan «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» aýdyň geljegimize we ýaşlarymyza bolan beýik ynam bilen aýrylmaz baglydyr. Şunuň bilen baglylykda, ýaşlara mümkinçilikleriň açylmagy, kämil bilim almagyna şert döretmek üçin ähli mümkinçilikleriň döredilmegi, ýaş raýatlara ýaşaýyş jaýlary we bilimleri ele almagyň elýeterli bolmagy, ýaşlaryň telekeçilik başlangyçlaryna goldaw berilmegi diýseň buýsandyryjydyr. Bu bolsa ýaş nesilleriň sebiti we tutuş ýurdumyzy gülledip ösdürmäge işjeň gatnaşmagyna ýol açýar. Häzirki döwürde ýurdumyzyň ýaşlary jemgyýetçilik we syýasy durmuşa işjeň gatnaşmak bilen, jemgyýetiň möhüm bölegi hökmünde döwletiň durmuşynda uly orun eýeleýärler, amala aşyrylýan tutumlarda önjeýli zähmet çekýärler. Häzirki wagtda Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden kemala gelýän, döwrüň döwrebap şäheri, sebitde iň iri taslamalaryň biri bolan Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň — Arkadag şäheriniň gurluşygynda hem ýaşlaryň goşýan goşandy, täzeçe pikirleri aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Bagtyýar ýaş nesiller ata Watanymyzyň batly ösüşlerini amal etmeli bagtly nesillerdir. Arkadagly Serdarymyzyň bu ugurdaky uly aladasy Türkmen halkynyň Milli Lideri Mähriban Arkadagymyzyň başyny başlan beýik başlangyçlaryny, köpugurly beýik işleriniň mynasyp dowamy hökmünde ýaşlar syýasatyny hil taýdan täze derejä çykarmaga şert döredýär. Eziz ýurdumyz ylym-bilim, ykdysady, senagat taýdan ösen, kuwwatly döwlet bolup, bu oňyn ösüşler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bedew badyny has-da batlandyryp, geljek 30 ýylyň toplumlaýyn wezipelerini, bilim babatdaky maksatlaryny durmuşa geçirmegiň zerur ugurlary üçin amatly şertleriň döredilmegine badalga berýär. Aýdyň ýol bilen üstünlikli öňe gitmegiň baş şerti bolsa häzirki döwrüň ýokary talaplary esasynda kemala gelýän giň dünýägaraýyşly, ylymly-bilimli bagtyýar ýaşlaryň, kämil hünärmenleriň täze nesli bilen doly baglanyşdyrylýar. Şoňa görä-de, täze eýýamda bagtyýar ýaşlara täzeçe hem kämil derejede ylym-bilim bermäge, olary başarnykly hünärmenler edip ýetişdirmäge uly üns berilýär. Şu günki nesilleriň watansöýüji, ylymly-bilimli, kämil tehnologiýalardan baş çykarýan hünärmenler bolup ýetişmegi bolsa ylym-bilimiň, tehnologik ösüşleriň has hem artmagyna şert döredýär. Çünki ylym-bilimden serpaýly bagtyýar ýaşlaryň baş maksady – täze galkynyşly döwrümize şan hem şöhrat getirmekdir! 

 

Gülaýym NURGELDIÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky 
Türkmen milli dünýä dilleri 
institutynyň talyby.