logo

Latest news:
✦ Türkmen topary «Circus Sea Breeze» sirk toplumynda çykyş etdi ✦ ✦ Ugandanyň Daşary işler boýunça döwlet ministri bilen duşuşyk geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň pawilýonynyň taslamasyny düzmek we gurmak barada halkara bäsleşik yglan edildi ✦ ✦ Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ “Tashkent Water Week 2026” atly halkara forum geçiriler ✦ ✦ «EKSPO–2027» Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine taýýarlyk görülýär ✦ ✦ «Ak şäherim Aşgabat 2026 (WCA 2026)» atly halkara sergisine taýýarlyk görülýär ✦ ✦ Sanly tehnologiýalar bilim ulgamyny ösdürýär ✦ ✦ TOHU-da «Suhangöýlük, dilewarlyk we söz sungaty» barada açyk sapak geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyñ Prezidenti “Iş kesilenleriň mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi ✦
Home / Interesting /Döwrebap hem gadymy kitaplaryň özboluşly ysy
  18.01.2023
1544
Döwrebap hem gadymy kitaplaryň özboluşly ysy

Bilimiň hem akyl-paýhasyň çeşmesi bolan kitaplaryň ählisiniň hem özboluşly ysy bolýar. Bu ýagdaýa kitap sahypalaryndaky boýaglar, reňkler, täze tipografiki syýa sebäp bolýar. Munuň sebäbini anyklamak üçin ençeme bilermenler tarapyndan birnäçe gözlegler alnyp baryldy. Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda önümçiligiň has-da kämilleşmegi bilen kitaby taýýarlamak işinde birnäçe galyndylardan, dürli düzümli birleşmelerden, himiki maddalardan peýdalanylýar. Şonuň netijesinde hem çap edilýän neşirleriniň hemmesiniň ysy-da birmeňzeş bolmaýar. Ulanylýan birleşmeler, himiki maddalar birnäçe tapgyrda ulanylýar. Kagyz önümçiliginde sellýulozany süýümlere bölmek üçin adatça kaustik soda bilen işlenilip, soňra wodorod peroksidi bile süýümler agardylýar. Önüme goşulýan käbir madalar täsirleşmä sezewar bolýar, käbir bölegi bolsa durnuksyz organiki birleşmeler görnüşde daşky gurşawa bölünip çykýar. Netijede alnan kagyzdan taýýarlanýan kitaplarda dürli görnüşli ysyň döremegi ýüze çykýar. Ysyň emele gelmegine ýelim hem belli bir derejede täsir edýär. Kagyz adatça agaçdan ýa-da pagtadan öndürilýär. Täze, döwrebap kitaplara seredende, gadymy kitaplaryň ysy başgaça bolýar. Munuň sebäbi bolsa olarda ýüze çykýan özboluşly ys kagyzyň düzümindäki organiki we mineral birleşmeleriň ýok edilmeginiň netijesidir. Kagyz öndürmekde peýdalanylýan agaçlaryň düzümindäki sellýuloza süýümlerini baglanyşdyrýan lignin maddasy wagtyň geçmegi bilen kitap sahypalarynyň sary reňke geçmegine getirýän dürli gurluşly kislotalara dargaýar. Şol sebäpli döwrebap hilli kagyz önümçiliginde lignin maddasyny ulanmaklygy mümkin boldugyndan aýyrmak göz öňünde tutulýar. Köne kitaplaryň ysyny emele getirýän birleşmeleriň ýene-de biri furfurol birleşmesidir. Ol çowdary çöreginiň ysyna çalymdaşdyr. Bu ys arkaly kagyzyň üstünden näçe wagt geçendigi kesgitlenilýär. Muňa mysal hökmünde 1800-nji ýyllardan soň çap edilen kitaplaryň furfurol birleşmesini has köp bölüp çykarýandygyny aýtmak bolar. Häzirki wagtda kämil tehnologiýanyň ösmegi bilen kitabyň ysyny ýadyňa salýan atyr önümçiligi alnyp barylýar. Kitap ysly atyry döretmek baradaky pikir 300 müň neşirden ybarat şahsy kitaphanasy bolan dizaýner Karl Lagerfelda degişlidir. Dünýäniň ençeme meşhur kompaniýalary we dizaýnerleri tarapyndan kitap ysly atyrlaryň önümçiligi ýola goýuldy. Bu özboluşly ysly atyrlar dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan hem uly gyzyklanma eýedir. 

 

Mahym ARAMEDOWA,

Türkmen oba hojalyk insitutynyň 1-nji talyby.