Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň goldaw bermeginde paýtagtymyzydaky “Döwletliler köşgünde” terbiýelenýän çagalar, doganlyk Türkiýe döwletinde geçirilýän Milli özygtyýarlyk we çagalar güni mynasybetli geçirilýän medeni çärelere gatnaşdylar.
Çagalar Türkiýäniň Ankara we Stambul şäherindäki geçirilien çärelere gatnaşyp, ondan soňra Atatürk aramgähine we Türkiýäniň Beýik millet mejlisine baryp gördüler.
Doganlyk ýurduň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan Türkmenistandan gelen ýaşajyk myhmanlary kabul etdi. Çagalar türk topragynda mähirli kabul edilendigi we medeni maksatnamanyň ýokary derejede gurnalandygyny üçin doganlyk ýurduň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana çyn ýürekden minnetdarlyk bildirdiler we türk dilinde goşgulary okap, Türkmenistanyň Prezidentiniň “Ýaşlar – Watanyň daýanjy” atly kitabynyň türk dilindäki terjime edilen nusgasyny sowgat etdiler.
Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti türkmen halkynyň milli gymmatlyklary bolan türkmen tahýasynyň we dutarynyň özüne bildirilen hormatyň nyşany hökmünde kabul edýändigini nygtady we munuň üçin türkmen çagalaryna we olaryň üsti bilen Gurbanguly Berdimuhamedowa, Serdar Berdimuhamedowa we doganlyk türkmen halkyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Dinara IBRAGIMOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.