Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Dekabr aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreler ✦ ✦ Ýurdumyzda Turkiýanyň eksport harytlarynyň sergisi geçiriler ✦ ✦ Maşgala terbiýesiniň orny we ähmiýeti ✦ ✦ Oba hojalyk ekinleriniň täze sortlary hasyllylygyň kepili ✦ ✦ Magtymguly Pyragy medeni-seýilgähindäki şahsyýetler: Saýido Nasafi ✦ ✦ Türkmen oba hojalyk instituty bilim we ylmyň baglanyşygyny berkitýär ✦ ✦ Täze okuw kitabynyň neşiri bilim ulgamyna uly goşantdyr ✦ ✦ Türkmen milli gymmatlyklary täze okuw kitabynda orun alýar ✦ ✦ Türkmeniň goşa ganaty ✦ ✦ Ýaşlar baýragy ― ýaşlygyň serpaýy ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Döwletli tutumlar rowaçlanýar
  28.04.2023
891
Döwletli tutumlar rowaçlanýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň başda durmagynda ylymly-bilimli, zehinli hem-de zähmetsöýer ýaşlaryň kemala gelmegi ugrunda ähmiýetli çäreler ýola goýulýar. Munuň üçin ähli ulgamlarda bolşy ýaly, bilim ulgamynda hem özgertmeleri çaltlandyrmak babatda möhüm wezipeler üstünlikli çözülýär, çünki ýokary hem kämil hünärli ýaş hünärmenleriň kemala gelmegi ata ýurdumyzy mundan beýläk-de okgunly ösdürmegiň esasy şertleriniň biri bolup çykyş edýär. Öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmegiň çäklerinde türkmen ýaşlarynyň bilimiň täze sepgitlerine çykmagyna möhüm ähmiýet berilýär, munuň özi eziz Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagyna saldamly goşantdygyna şaýatlyk edýär. «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda Hormatly Prezidentimiziň ýöredýän durmuş syýasatynyň netijesinde, döwletimizde bilimli, giň gözýetimli, sazlaşykly ösen ýaş nesliň kemala gelmegi, ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň, mähriban halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň we beýik geljeginiň bähbidine milletimiziň aň-paýhas kuwwaty bolan ýokary hünärli hünärmenleriň taýýarlanylmagy barada yzygiderli tagallalar edilýär. Häzirki döwürde bagtyýar nesillere ýokary hilli bilim almak we saýlap alan hünärine eýe bolmak üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Ýaşlaryň alan döwrebap bilimleri bolsa milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda netijeli ulanylýar. Häzirki wagtda pudaklara öňdebaryjy tehnologiýalar hem-de innowasiýalar işjeň ornaşdyrylýar. Bu bolsa hünärmenleriň täze bilimleri we täzeçil usullary, hem-de oýlap-tapyşlary alyp barmaga itergi berýär. Şonuň üçin hem bilim ulgamy bu ugurda möhüm roly oýnaýar. Milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň çäklerinde, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek, elektron senagatyny döretmek boýunça çäreler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Häzirki döwürde telekeçilige uly goldaw berilmegi netijesinde hususyýetçilige höwesli nesli taýýarlamakda bilimi ösdürmek zerurdyr. Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyz ýaş hünärmenleri taýýarlamak meselelerine uly üns berip, bu asylly peder ýoluny Arkadagly Serdarymyz mynasyp dowam eýleýär. Ýaş nesli ahlak taýdan terbiýelemekde halkymyzyň taryhy we milli däp-dessurlaryndan, milli gymmatlyklaryndan ugur alynýar. Kämil bilimli, ýokary ahlakly, zähmetsöýer, hünär babatda ussat, watansöýüji ýaşlaryň kemala gelmeginde bilim ulgamyny kämilleşdirmek hem-de üstünlikli durmuşa geçirmek zehinli, ökde ýaş hünärmenleri taýýarlamaga itergi berýär.

 

Ogulnur JUMAÝEWA,

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we 
ulag kommunikasiýalary 
institutynyň talyby.