Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Somatoform bozulmalar we olaryň dartgynlylyk bilen baglanşygy ✦ ✦ “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” - durnukly we bagtyýar geljegiň kepili ✦ ✦ Nanotehnologiýalaryň lukmaçylykda ähmiýeti ✦ ✦ Bitaraplyk — Parahatçylygyň Binýady ✦ ✦ Magtymguly Pyragy – beýik akyldar ✦ ✦ Daşary ýurt Hukuk diplomlary üçin täze talaplar we üýtgeşmeler ✦ ✦ Türkmenistanyň saglyk ulgamynda sagaldyş-dikeldiş merkezleriniň orny ✦ ✦ Gahryman Arkadagyň eserleri ✦ ✦ Newroz - psihologiki durnuksyzlyk ýagdaýydyr. ✦ ✦ Ýylyň şygary mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Döwletiň Ýokary wekilçilikli edarasy nobatdaky mejlisini geçirmäge taýýarlanýar
  21.08.2024
152
Döwletiň Ýokary wekilçilikli edarasy nobatdaky mejlisini geçirmäge taýýarlanýar

Türkmen halkynyň döwlet gurluşy babatyndaky köp asyrlyk tejribesine daýanyp, ata-babalarymyzyň asylly däplerine eýerýän, ilatyň giň gatlaklarynyň jemgyýetçilik-syýasy çözgütleriň kabul edilmegine gatnaşmagyny üpjün edýän Türkmenistanyň Halk Maslahaty, 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda nobatdaky mejlisini geçirmäge taýýarlanýar.

 

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň baş maksady, döwlet ähmiýetli meseleleri çözmekde halkyň işjeňligini ýokarlandyrmak, şeýle hem ýurt içinde durmuşa geçirilýän özgertmelere we durmuş-ykdysady maksatnamalara giň halk köpçüligini çekmek bolup durýar. Halkyň agzybirligini we jebisligini berkitmek, döwletimiziň kuwwatly ösmegine ýardam bermek, Halk Maslahatynyň esasy wezipeleriniň biridir.

 

Prezidiumyň karary bilen, mejlisiň ýokary derejede geçirilmegi üçin guramaçylyk komiteti döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy. Mejlise taýýarlyk görmek we ony geçirmek boýunça welaýatlardan we Aşgabat şäherinden saýlanan halk wekilleriniň sanawy 2024-nji ýylyň 1-nji sentýabryna çenli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň edarasyna tabşyrylar.

 

Türkmenistanyň Mejlisiniň hem-de Halk Maslahatynyň edarasynyň bilelikde ýerine ýetirjek guramaçylyk işleri, Halk Maslahatynyň mejlisiniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün eder. Şeýlelikde, Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi, türkmen halkynyň demokratik ýörelgelerine esaslanýan syýasy çözgütleriň kabul edilmeginde möhüm ädim bolar.

 

Dawut Alladurdyýew,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we 
informatika institutynyň II ýyl talyby.