Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistan we Malaziýa: dostlukly gatnaşyklary ✦ ✦ Dünýä ykdysadýetinde öňdebaryjy 10 ýurt ✦ ✦ Sahawatly topragyň nygmaty ✦ ✦ Ýüpek gurçugynyň arzyly höregi ✦ ✦ Bezeg, iýmit, melhem ✦ ✦ Beýik geljegi gurujylar ✦ ✦ Saglyga peýdaly senetler ✦ ✦ Görünmeýän dünýäniň fizikasy ✦ ✦ Türkmenistanyň Prezidentiniň Malaýziýa resmi saparynyň çäklerinde bilim boýunça resminamalara gol çekildi ✦ ✦ Marokkada Magtymguly Pyragynyň hormatyna çäreler geçirildi ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Döwletiň daýanjy hem guwanjy
  16.12.2024
27
Döwletiň daýanjy hem guwanjy

Beýik ösüşlere beslenýän zamanada ýaşamak, zähmet çekmek, taryhy wakalaryň şaýady bolmak bagtyýarlykdan nyşandyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary şol bagtyýarlygyň diňe şu günki däl, eýsem, geljekki nesiller üçinem dowamat-dowam bolmagyna ýol açýar.

 

Döwlet Baştutanymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ajaýyp eseri peşgeş bermegi ýaş nesillerimiziň kalbyny buýsanç duýgularyna gaplady. Bu eserde ýaş nesliň wekilleriniň jemgyýetimiziň durmuşyndaky eýeleýän ornuna mynasyp baha berlip, ol ýaşlaryň ylham çeşmesidir, her birimiz üçin kämil ýol-ýörelgedir, nusgalyk gollanmadyr. Geçen ýylyň dekabrynda çapdan çykan we türkmenistanlylaryň ýaş nesli üçin möhüm gollanma öwrülen bu kitap daşary döwletlerde hem uly gyzyklanma eýe boldy. Onuň Sukuba uniwersiteti bilen hyzmatdaşlykda ýapon diline terjime edilmegi hem munuň aýdyň güwäsidir. Munuň özi Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň arasynda däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň ösüşinde nobatdaky möhüm ähmiýetli waka boldy.

 

Häzirki döwürde dünýäniň çalt depginler bilen ösýän döwletleriniň hatarynda orun alýan Watanymyzda türkmen ýaşlarynyň hukuklary ygtybarly goralyp, mertebesi belentde tutulýar. Olaryň ýaşaýyş derejesini we durmuş taýdan goraglylygyny ýokarlandyrmak üçin zerur şertler döredilýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen 2022-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň, şeýle-de «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» kabul edilmegi, Türkmenistanyň Mejlisinde ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiň hem bolmagy ýurdumyzda ýaşlar barada edilýän aladanyň döwlet syýasatynda ileri tutulýan esasy ugurlaryň biridigini subut edýär

 

Täze taryhy döwrümizde ýaşlara bildirilýän ynam örän uly. Gahryman Arkadagymyzyň: «Men Watanymyzyň güýç-kuwwaty, abraý-mertebesi hem-de beýik geljegi bolan ýaşlarymyzyň alyp barýan işlerine ýokary baha berýärin» diýen ganatly sözleri ýaşlary beýik işlere ruhlandyrýar. Şeýle uly ynama ygrarly ýaşlar Milli Liderimize hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarlar.

 

Merjen GURBANGULYÝEWA,
TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Halaç etrap Geňeşiniň uly buhgalteri.