2024-nji ýylyň 22-nji maýynda giň gerim bilen badalga alan Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň bilelikde guramagynda geçirilen «Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti» atly halkara bäsleşigiň bu gün - 25-nji maýda jemleýji güni uly ruhubelentlik bilen geçirilýär. Ýurdumyzyň şanly seneleri bilen utgaşyp gelen bu halkara bäsleşige daşary ýurtlaryň 9-ysynyň 11 sany abraýly ýokary okuw mekdebinden 40-dan gowrak magistrler we talyplar, şeýle-de, ýurdumyzyň 20 sany ýokary okuw mekdebinden talyp ýaşlar gatnaşyp, ýokary işjeňlik görkezdiler.
Halkara olimpiada gatnaşyjylar diňe bir zehin başarnyklary özara bäsleşdirmek bilen çäklenmän, eýsem köpsanly dostlar gazanyp, ýatdan çykmajak ajaýyp ýatlamalara eýe boldular. Gyzgyn myhmansöýerlik we hoşniýetlilik däpleri esasynda garşy alynan daşary ýurtly myhmanlaryň Türkmenistan hakyndaky ýakymly täsirlerini olaryň özlerinden diňlemek biziň şatlygymyzy has-da goşalandyrdy.
Diýarymyzda şeýle bäsleşigiň ilkinji gezek geçirilmegi halkara gatnaşyklarynda strategiki meseleleri derňemek, taktiki meseleleri çözmekde talyplaryň bilimlerini berkitmek, ylmy-barlaglarda ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmak zerurlygyndan, şeýle hem ählumumy parahatçylyk ýörelgelerini giňden wagyz etmek işlerini geçirmek, daşary ýurtly ugurdaş hünärmenler bilen ýakyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak hem halkara ýaşlar hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine niýetlenendir.
Mahym Annadurdyýewa,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.