logo

Soňky täzelikler:
✦ Hormatly Prezidentimiz güýzki ählihalk bag ekmek möwsümine badalga berdi ✦ ✦ Söz baýlygy aýdyň pikiriň açary ✦ ✦ “Aşgabat – Daşoguz” awtomobil ýoluny gurmak barada şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi ✦ ✦ Türkmen önümleri Şanhaýdaky halkara sergide tanyşdyrylýar ✦ ✦ Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystana iş sapary tamamlandy ✦ ✦ «Ykbal öwrümi»: Dursun Tekäýewa bilen täsirli söhbetdeşlik ✦ ✦ Aýdym-sazly okuw maslahaty geçirildi ✦ ✦ Adam hakdaky alada ✦ ✦ Sanly gurşawyň ähmiýeti ✦ ✦ Biodürlüligiň goragynda ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Dört sütünli metjit
  24.08.2020
926
Dört sütünli metjit

      Metjit Sarahs şäherinden 97 km. günorta tarapda Injirli galanyň gündogar böleginde dag belentlikleriniň içinde ýerleşýär. Ol bişen kerpiçden we dag daşyndan aralanyp dört sütüniň üstünde gümmezlenip örülipdir. Bu metjit binagärligiň ajaýyp nusgasy bolup, ol Türkmenistanda ýeke-täk we üýtgeşik ýadygärlikdir. Döwri boýunça orta asyrlara, ýagny IХ-ХIII asyrlara degişlidir. Bu ýadygärlige meňzeş ýadygärlik hökmünde Lebap welaýatynyň Atamyrat etrabynda ýerleşýän ХII-ХVII asyrlara degişli Astanababa binagärlik ýadygärliginiň ansamblynyň dörtsütünli zalyny görkezmek bolar. Ýadygärlik içki ölçegleri 13х13 m bolan bir otagly jaýdyr. Onuň girelgesi günorta tarapynda. Metjit ýeriň içinde, dag jynsyna 1,7-2 m. çuňlaşdyrylandyr. Onuň oňat saklanan günbatar böleginde diňe 4 gümmez we şol tarapda ýeke-täk penjiresi saklanyp galypdyr.