Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Bitaraplyk ― Watan goragçylarynyň milli taglymy ✦ ✦ «COP29»: ekologik başlangyçlarda täzeçil çemeleşmeler ✦ ✦ Türkmenistan bilen BAE-niň söwda dolanyşygy $1,3 milliarda ýetdi ✦ ✦ Ýaşlaryň döredijiliginde Aşgabat şäheriniň gözel keşbi ✦ ✦ Italiýanyň hünärmenleri bilen bilim mümkinçilikleri maslahatlaşyldy ✦ ✦ Sagdyn nesli kemala getirmek ugrunda ✦ ✦ Çagalar bakja-bagymyzda... ✦ ✦ Bitaraplyk — halkymyzyň milli taglymaty ✦ ✦ Bitarap Türkmenistan - halkara ylalaşyklaryň mekany ✦ ✦ Türkmenistan –“Visa” hyzmatdaşlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli işewürlik forumy geçirildi ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /Dokma senagaty ― ykdysadyýetiň möhüm pudagy
  02.11.2024
38
Dokma senagaty ― ykdysadyýetiň möhüm pudagy

Dokma pudagy ileri tutulýan milli bähbitleri hem-de dünýä ykdysady giňişligindäki umumy integrirlenmek meýillerini göz öňünde tutmak bilen, milli ykdysadyýetimiziň depginli ösüşiniň aýdyň mysalydyr. Diňe soňky birnäçe ýylda pudagyň düzümine dünýä bazarlarynda bu pudakdaky önümçiligiň öňdebaryjylarynyň hataryna çykmak bilen, tebigy çig maldan bäsdeşlige ukyply önümleri öndürýän täze kärhanalaryň onlarçasy goşuldy.

 

Milli dokma senagatynyň önümleri isleg-talaplary barha ösýän sarp edijileriň talaplaryny kanagatlandyrmaga gönükdirilendir. Dokma harytlarymyz ekologiýa taýdan arassalygy, gelşikli dizaýny, ýokary hili, döwrebaplygy, bahasynyň elýeterliligi bilen bazarlarda uly islege eýedir. Dokma kärhanalarynyň dizaýnerleri nah we garyşyk matalardan çagalar we ulular üçin amatly, göze gelüwli egin-eşikleri taýýarlaýarlar. Önümiň täze tapgyry döredilende, möwsümleýin talaplar we alyjylaryň islegi göz öňünde tutulýar. Şunda, esasan, hil-rahatlyk — oňaýlylyk ýaly marketing ýörelgesinden we amatly nyrh syýasatyndan ugur alynýar.

 

Önümçiligiň innowasion tehnologiýalara esaslanýan döwrebap guralyşynda tebigy pagta süýümi gymmatly çig mal bolup, ol daşary ýurtlara iberilýän harytlaryň arasynda öňdäki orunlarda durýar. Bu pudagyň kuwwatly gaýtadan işleýän binýadynyň döredilmegi netijesinde Türkmenistan dünýäniň dokma önümlerini öndürýän döwletleriniň arasynda mynasyp orny eýeledi.

 

Diýarymyzyň dokma senagatynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagy, bu ugra degişli ýokary hünärli işgärleriň taýýarlanylmagy, önümçilik kuwwatlyklarynyň döwrebaplaşdyrylmagy bilen baglanyşykly meseleleri durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwürdi. Türkmenistanyň dokma senagatynyň önümleriniň daşary ýurtlarda guralýan sergi-ýarmarkalaryna işjeň gatnaşdyrylmagy türkmen dokmaçylaryna daşarky bazaryň mümkinçiliklerini öwrenmäge hem-de bildirilýän talaplary seljermäge, çeýe eksport we nyrh syýasatyny kemala getirmäge, bäsdeşlige ukyply önümleriň täze görnüşlerini özleşdirmäge mümkinçilik berdi.

 

Ýurdumyzyň dokma toplumlarynyň döwrebaplaşdyrylmagy, ylmyň iň soňky gazananlarynyň işjeň ornaşdyrylmagy, işgärleriň zähmet we durmuş şertleriniň düýpli gowulandyrylmagy dokma senagaty pudagynyň işiniň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyna kömek edýär.

 

Mehri JUMANAZAROWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Dokma önümçiligi fakultetiniň
Tikinçilik önümçiliginiň tehnologiýasy
hünäriniň 3-nji ýyl talyby.