Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Somatoform bozulmalar we olaryň dartgynlylyk bilen baglanşygy ✦ ✦ “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” - durnukly we bagtyýar geljegiň kepili ✦ ✦ Nanotehnologiýalaryň lukmaçylykda ähmiýeti ✦ ✦ Bitaraplyk — Parahatçylygyň Binýady ✦ ✦ Magtymguly Pyragy – beýik akyldar ✦ ✦ Daşary ýurt Hukuk diplomlary üçin täze talaplar we üýtgeşmeler ✦ ✦ Türkmenistanyň saglyk ulgamynda sagaldyş-dikeldiş merkezleriniň orny ✦ ✦ Gahryman Arkadagyň eserleri ✦ ✦ Newroz - psihologiki durnuksyzlyk ýagdaýydyr. ✦ ✦ Ýylyň şygary mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /Dokma pudagy beýik ösüşleriň ýolunda
  01.11.2024
82
Dokma pudagy beýik ösüşleriň ýolunda

Ählimize mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda dokma pudagy yzygiderli ösdürilýän we kämilleşdirilýän ulgamdyr. Bu pudagyň kuwwatly gaýtadan işleýän binýadynyň döredilmegi netijesinde Türkmenistan dünýäniň dokma önümlerini öndürýän döwletleriniň arasynda mynasyp orun eýeleýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň dürli künjeklerinde döwrüň öňdebaryjy enjamlary bilen üpjün edilen täze dokma toplumlary yzygiderli açylyp işe girizilýär.

 

Diýarymyzyň dokma pudagy häzirki döwrüň ileri tutulýan ugurlaryny hem-de dünýäniň ykdysady giňişligine goşulmak meýillerini nazara almak bilen, milli ykdysadyýetimiziň okgunly ösüş ýoluna düşendigini äşgär edýär. Soňky ýyllarda pudagyň düzümine tebigy çig maldan bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmäge niýetlenen onlarça täze kärhanalar goşuldy. Şeýlelikde, milli dokma senagaty halkara bazarlarda eýeleýän ornuny pugtalandyrdy. Mundan başga-da ýüpek önümçiliginde, aýakgap we deri işläp taýýarlamakda işjeňlik görkezýän kärhanalaryň sany artdy.

 

Dokma pudagynyň önümçilik kuwwaty Garaşsyzlyk ýyllarynda 15 esseden gowrak artdyryldy. Bu pudakda 30-dan gowrak iri maýa goýum taslamalary durmuşa geçirildi. Häzirki wagtda döwletimiziň Dokma senagaty ministrliginiň düzüminde dokma toplumlarynyň, pagta egriji, dokma we tikinçilik fabrikleriniň, ýüpegi, derini we ýüňi gaýtadan işleýän, şeýle hem aýakgap kärhanalarynyň 60-dan gowragy bolup, olaryň ençemesi Merkezi Aziýada iri toplumlardyr. Pudagyň kärhanalarynyň önümleri halkara ISO 9001, 9002, ISO 14001, WRAP we OHSAS 18001 standartlaryna eýe boldular. Häzir ýurdumyzda öndürilýän pagtanyň gylla ýaryndan agdygy özümizde gaýtadan işlenilýär. Öndürilýän taýýar önümleriň 70 göterimden gowragy Russiýa Federasiýasyna, Türkiýä, Hytaýa, GDA, Aziýa ýurtlaryna we Ýewropanyň birnäçe döwletlerine eksport edilýär. «Türkmenistanda öndürildi» diýen belgi bilen ýerlenilýän «Gala», «Nusaý», «Goza», «Bedew», «Bürgüt» haryt nyşanly önümler dünýä bazarynda geçginli harytlara öwrüldi.

 

Şeýle iri önümçilik toplumyny açyp, ildeşlerimiziň we bu pudakda zähmet çekýän raýatlarymyzyň şatlygyny goşalandyran, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli gowulandyrmak, ýurdumyzy batly depginler bilen ösdürmek üçin beýik işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!

 

Ejegül ALYÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Dokma önümçiligi fakultetiniň
Tikinçilik önümçiliginiň tehnologiýasy
hünäriniň 3-nji ýyl talyby.