logo

Latest news:
✦ Türkmenabatda mugallymçylyk institutynyň täze toplumy açyldy ✦ ✦ Binagärlik-gurluşyk institutynyň täze toplumy ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦
Home / Politics /Diplomatiýa barada düşünje
  18.02.2023
1889
Diplomatiýa barada düşünje

«Diplomat» sözi gadymy grek dilindäki «diploma» sözünden gelip çykyp, «resmi, resminama» diýmegi aňladypdyr. XVI-XVII asyrlarda monarhlaryň köşkleriniň ýanynda hemişelik diplomatik wekilhanalaryň döredilmegi bilen bu söz ulanylyşa giripdir. Bu söz ilkinji gezek ol 1645-nji ýylda Angliýada ulanylypdyr. Şol asyryň aýagynda belli nemes filosofy we matematigi G.B Leýbnis «Diplomatik hukugynyň ýygyndysy» atly kitaby çap edipdir. Onda ol «diplomatik» (latynça diplomaticus)  sözüni ulanypdyr we bu söz şol döwürden bäri «halkara gatnaşyklaryna degişliligi» aňladypdyr.

Diplomatiýa - döwletleriň daşary syýasatynyň maksatlaryny we wezipelerini amala aşyrmak, daşary ýurtlarda döwletleriň, olaryň edaralarynyň we raýatlarynyň hukuklaryny we bähbitlerini goramak boýunça döwlet we hökümet baştutanlarynyň daşary işler ministrleriniň, daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalaryň, halkara maslahatlardaky wekiliýetleriň resmi işidir.

Ýöne diplomatiýa adalgasy özüniň şu günlerdäki ýaly manysynda XVIII asyrda ulanylyşa giripdir diýen maglumatlar hem bar. Bu adalga ilkinji gezek fransuz diplomaty 1716-njy ýylda «Hökümdarlar bilen gepleşikler alyp barmagyň usullary» atly kitabyny çap eden Fransua Kaler tarapyndan ulanylypdyr.

Diplomatiýa käri diplomatlara, ozaly bilen bolsa ilçilere mahsus bolmaly gylyk-häsiýetler, sypatlar baradaky gymmatly eserlere türkmen diplomatiýasynyň orta asyrlar taryhynyň maglumatlarynda hem duş gelse bolýar. Muňa ozaly bilen beýik seljuk türkmen soltanlary bolan Alp Arslan Türkmeniň (1063-1072 ýý.) we Mälik şa Türkmeniň (1072-1092 ýý.) beýik weziri bolan Nyzamylmülk tarapyndan ýazylan «Syýasatnama» atly ajaýyp kitaby mysal getirse bolar.

Häzirki zaman ylmy diplomatiýanyň ilkinji kämilleşmedik başlangyçlarynyň baryp ilkidurmuş urugçylyk jemgyýetiniň döremegi, taýpalaryň ýüze çykmagy, harytlarynyň ilkinji alyş-çalyş edilip başlanmagy we başga ençeme meseleleriň çözülmegi bilen baglylykda dörändigini subut edýär.

Dünýä diplomatiýasynyň taryhy diplomatiýa käriniň gadymdan gelýän kärdigine, ähli döwürlerde onuň uly abraýdan peýdalanandygyna, diplomatik iş üçin işgärleriň hünär taýýarlygyna hemişe uly ünsüň berlendigine şaýatlyk edýär. 

Aýjeren ORAZBERDIÝEWA,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet
uniwersitetiniň talyby.