logo

Latest news:
✦ Türkmen topary «Circus Sea Breeze» sirk toplumynda çykyş etdi ✦ ✦ Ugandanyň Daşary işler boýunça döwlet ministri bilen duşuşyk geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň pawilýonynyň taslamasyny düzmek we gurmak barada halkara bäsleşik yglan edildi ✦ ✦ Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ “Tashkent Water Week 2026” atly halkara forum geçiriler ✦ ✦ «EKSPO–2027» Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine taýýarlyk görülýär ✦ ✦ «Ak şäherim Aşgabat 2026 (WCA 2026)» atly halkara sergisine taýýarlyk görülýär ✦ ✦ Sanly tehnologiýalar bilim ulgamyny ösdürýär ✦ ✦ TOHU-da «Suhangöýlük, dilewarlyk we söz sungaty» barada açyk sapak geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyñ Prezidenti “Iş kesilenleriň mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi ✦
Home / Interesting /Diňe Garpyz barada
  05.05.2023
2854
Diňe Garpyz barada

Garpyz – kädiler maşgalasyna degişli birýyllyk ösümlik. Onuň baldagy 2-3 metre çenli uzap, miwesi togalak, daşy ýylmanak, eti bolsa gülgüne ýa-da gyzyl bolýar. Garpyzyň watany Günorta we Merkezi Afrika hasaplanylýar. Garpyzyň  96 göterimi suwdan ybarat. Garpyz sözi parslaryň «harbýuza» sözünden bolup, «äpet hyýar» diýen manyny berýär. Häzirki döwürde bu gök önüm ýer ýüzüniň gurak we yssy howaly ýurtlarynyň 96-synda ösdürilip ýetişdirilýär. Onuň 1200-den gowrak görnüşi bar.

Garpyzyň düzümi suwdan (agramynyň 80% çenli), fruktozadan, mikroelementlerden we ösümlik kletçatkasyndan ybarat. Fruktozanyň 30-40 gramyny adam organizmi insulinsiz siňdirip bilýär, şonuň üçin garpyzyň günde 200-300 gramyny süýji keselliler hem iýip bilýär. Garpyzyň tagamy ondaky bar bolan şekerlere bagly. Onuň etinde 5,5-den 13%-e çenli şeker bar. Olar – glýukoza, fruktoza we köp bolmadyk möçberde saharoza. Garpyzyň süýjüligini fruktoza kesgitleýär. Onuň möçberi garpyz şekeriniň 50%-ine barabar. 3-4 kilogram garpyz miwesiniň düzüminde arassa fruktozanyň 150 gramyna çenli bar. Adam organizmine günüň dowamynda gerek bolan magniýniň möçberini ýetirmek üçin garpyzyň 150 gramyny iýmek ýeterlikdir. 

Garpyzy nädip saýlamaly: Garpyz möwsümi – iýul aýynyň aýagy awgust aýynyň ortasy. Bişen garpyzy eliň aýasy bilen ýeňiljek kakyp görmeli. Ol özboluşly ses berýär. Bişen garpyz çalaja basylanda-da şatyrdaýar. Aljak garpyzyňyz 5-7 kilogramdan uly bolmaly däl. Bişen garpyzy dyrnagyňyz bilen ýeňiljek çyzyp görüň. Daşynyň ýuka gatlagy eliňize gelmeli. Garpyzyň baldagynyň töweregindäki ýerine üns beriň, eger-de ol daşyna çykyp çişip duran bolsa, gyralaram agaran bolsa, diýmek bu garpyz bişipdir. Garpyzy öýe getirip keseniňizden soň, onuň etiniň bölejigini suwa salyp goýuň. Eger-de suw gülgüne  reňk berse, diýmek garpyza boýaglar goşulypdyr. Şeýle garpyzy iýmek howply.

Türkmen topragynda akçigit, guzy baý, kökeneçigit, haýytgara, ýerbent, möjük, geldigarbak, garamürri, garaçigit, pirgarpyz, pelgarpyz, aksüýri diýen ýaly garpyzlar ösüp ýetişýär. Ýaponlar kub şekilindäki garpyzlary ösdürip ýetişdirýärler. Olar kub  şekilindäki aýna gaplara salyp, şeýle görnüşli garpyzlary ösdürip ýetişdirýärler. Bu garpyzlar eliňde götermek üçin diýseň amatlydyr. Bu garpyzlar uzak ýola äkitmek üçin hem peýdalanylýar.

Il içindäki gürrüňlere görä, süýji garpyzy tanamak üçin onuň gara çyzyklaryny sanamaly. Eger-de şol çyzyklar  täk bolsa, onda garpyzyň süýjüdigidir. Garpyz näçe ýeňil bolsa, onda şol garpyz süýjüdir.  

 

Muhammet AZIMOW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika 
institutynyň talyby.