Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ "Elektrik Maşynlary" boýunça açyk internet olimpiadasy başlaýar ✦ ✦ Saglyk - iň gymmatly baýlyk ✦ ✦ Türkmen alymlary Moskwada geçirilen suwdan peýdalanmak boýunça maslahata gatnaşdylar ✦ ✦ Manadyň 31 ýyllygy mynasybetli ykdysadyýet boýunça bäsleşik ✦ ✦ Himiýa we gaz himiýasy pudagyndaky innowasion tehnologiýalar boýunça halkara maslahat ✦ ✦ Türkmenistanda Kiberhowpsuzlyk Hakatony: "Turkmen Cyber. Hack" Bäsleşigi ✦ ✦ TDEI “Türkmenistanyň taryhy” dersi boýunça onlaýn bäsleşigi geçirýär ✦ ✦ “Statistika” dersi boýunça internet bäsleşigi geçiriler ✦ ✦ Türkmenistan ŞHG guramasy bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirýär ✦ ✦ Türkmen-täjik gatnaşyklary rowaçlanýar ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Dertlere derman Arçman suwy
  09.07.2024
158
Dertlere derman Arçman suwy

Häzirki wagtda tomus paslynyň dowam edýän günlerinde şypahanalarda dynç almaga isleg bildirýänleriň sany barha artýar. Hormatly Prezidentimiziň “Saglyk” Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmekde ýurdumyzyň şypahanalarynyň bejeriş we saglygy dikeldiş ähmiýeti örän uludyr. Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň çäginde ýerleşýän melhem suwly “Arçman” şypahanasy dünýä ülňülerine laýyk gelýän anyklaýyş we bejeriş ähmiýetli şypahanalaryň biridir. Indi, bir asyr bäri ilata hyzmat edýän, sagaldyş merkezine öwrülen bu şypahana Garaşsyzlyk ýyllarynda has-da kämilleşdi. Biz hem şypahananyň deri keselleriniň lukmany, uzak ýyllaryň tejribeli işgäri Bäşimyrat Berdimyradow bilen söhbetdeş bolanymyzda şypaly künjegiň kesel bejeriş aýratynlygy, çeşme suwunyň himiki düzümi barada  şeýle gürrüň berdi:

 

Arçmandan bejergi almaklyk, onuň melhem suwuny içmekden başlanýar. Mineral suwy adamyň aşgazanynda turşulygyň derejesi pes bolanda, nahardan 15-30 minut öň, turşulygyň derejesi ýokary bolanda, nahardan 1,5 sagat öň 200-250  gram möçberinde içmeli. Turşulygyň derejesi mineral suwuň täsiri bilen kadalaşýar. Arçmanyň kükürtli çeşmesi özünde kükürtli wodorody jemleýän köpsanly termal çeşmeleriň biri bolup durýar. Arçmanyň şypaly suwy himiki düzümi boýunça kükürtli-hlory, gidrokorbanatlary, natrili-kalsili- magnili gowşak aşgarlanan suwlar toparyna degişlidir. Şypaly suwuň düzüminde kükürt wodorodyň mukdary bir litrde 14-16 mg-a barabardyr. Suwuň temperaturasy 28,2-28,5 gradusa deňdir. Suwuň gury galyndysynyň düzüminde 24 dürli himiki element bar. Şypahana aşgazan-içege keselli, bagryň, öt çykarýan ýollaryň hem-de deri, daýanç-hereket synalarynyň, çetki nerw ulgamynyň keseli, ginekologiki näsaglary bejermekde giň meşhurlyk gazanandyr. Esasy bellemeli zatlaryň biri hem, bu ýerde adamlaryň dag howasyndan dem alyp, dynç alýandygynda we ýokary derejede gurnalan lukmançylyk hyzmatlaryndan peýdalanýandygydyr.

 

Şypahananyň içinde birnäçe bölümler hereket edip, onuň bejeriş bölüminde fiziterapiýa, owkalama, ifinerefleks bejeriş, ozokerit, ginekologiki, içege we kentlewik nemlendirmek, bejeriş bedenterbiýe otaglary bar. Suw bilen bejeriş bölüminde duş şarko, ýokary galýan duş, kontrast duş, gidromassaj otaglary ýerleşýär. Şypahanada “Arçman” çeşmesiniň bejeriş suwundan we türkmen topragynda ösýän dermanlyk otlaryndan taýýarlanylýan wannalar üçin otaglar hereket edýär. Anyklaýyş bölümi bolsa rentgen, endoskop, ultrasesbarlag, elektrokardiograf we beýleki enjamlar bilen üpjün edilen. Bu enjamlaryň kömegi bilen näsagyň näsagyň dokumalaryň kadaly işjeňliginiň dikelýänligi sebäpli organizimde döreýän dürli patologiki ýagdaýlaryň öňüni almaga mümkinçilik döredýär. Saglygyny dikeldýän raýatlarymyzyň aşgazan-içege keselleriniň öňüni almak ýa-da olary wagtynda ýüze çykarmak, şoňa laýyklykda şypahana bejergisini geçirmek üçin ähli mümkinçilikler döredilendir. Şeýle-de anyklaýyş bölüminde  hünärmenleriň ýagny terawitiň, okuslistiň, stomatologyň, newropatolygyň, otolaringologyň, ginekologyň maslahatlaryny almaklyk üçin mümkinçilik döredilen.

 

Gyzlargül ANNAGURDOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.