Palma ýagy Afrikada, Demirgazyk we Günorta Amerikada we Günorta-Gündogar Aziýadan gelip çykan palma miwesiniň süýdünden alnan önümdir. Adamzat bu miweleri 5000 ýyl mundan ozal iýmitlenişde ulanypdyr: miladydan öňki 3000-nji ýyllara degişli tapyndylarda we gadymy Müsürde arheologlar palma ýagynyň galyndylaryny tapdylar. Häzirki wagtda ösümlik ýagynyň bu görnüşi iň meşhurlaryndan biridir. Soňky döwürde palma ýagynyň önümlere goşundy hökmünde ulanylmagy däbe öwrüldi. Arassalanmadyk palma ýagy tebigy önümiň ähli peýdaly häsiýetlerini özünde saklaýar. Ondaky gyzylymtyl ýa-da goýy sary reňk önümde antioksidantlar bolan karotinoidleriň köpdügini görkezýär. Bu maddalar oksidleýji proseslere täsir edýär, bedeniň garramagyny haýalladýar we gan ýygnamak howpuny ep-esli azaldýar. Palma ýagynyň ýumşadyjy täsiri gadymy döwürlerden bäri bilinýär. Ýagda bar bolan A witamini deriniň çeýeligini ýokarlandyrýar, E witamini saçlary we dyrnaklary güýçlendirýär. Biologiki taýdan işjeň serişde hökmünde ýag deri kremleriniň köpüsine girýär.
Palma ýagynyň düzümi we kaloriýasy
Palma miwesinden alynýan ýag tebigy ýagdaýda owadan gyzyl reňkde bolýar. Palma miwesiniň ýadrosyndan alynýan palma suwuklygy onuň ýagy bilen garyşdyrylmaly däldir. Çig palma ýadrosynyň suwuklygy reňksiz. Gyzyl palma ýagynda 49% doýgun ýag bardyr. Iň köp ulanylýany arassalanan palma ýagy bolup, ol biraz agardylan we dezodirlenen. Ol çig önümi gaýtadan işlemek arkaly alynýar. Netijede, ähli peýdaly maddalarynyň köpüsini diýen ýaly ýitirýär. Ol senagat azyk önümlerini taýýarlamakda ulanylýar.
Ýöne hünärmenler palma ýagynyň saglyga peýdasy barada aýdanda, çig tebigy ýagy göz öňünde tutýarlar. Tebigy palma ýagynyň ýumşak, özboluşly tagamy we ýeňil, ýakymly ysy bar, 50% -i doýgun ýaglar, 40% -i doýmadyk ýag kislotalary bar. Palma ýagy antioksidantlaryň, E we K witaminleriniň çeşmesidir, immunitet ulgamyny güýçlendirýär, energiýany ýokarlandyrýar. Onda gandaky holesteriniň derejesini peseltmäge kömek edýär. Doýgun kislotalar süňkler, bogunlar we deriniň saglygy üçin hem peýdalydyr. Bu ýagyň çaga iýmitinde ulanylmagy beýleki ýaglaryň we kalsiýniň pes siňmegine sebäp bolýar. Bu süňkleriň minerallaşmagy we çagalaryň sagdyn ösmegi bilen baglanyşykly problemalara sebäp bolup biler.
Deňagramly iýmitiň bir bölegi hökmünde palma ýagyny ortaça sarp etmek sagdyn adama zyýan bermeýär. Emma şol bir wagtyň özünde bu önüm ösümlik ýaglarynyň ýeke-täk çeşmesi bolup bilmez, beýleki ýaglar hem iýmitde bolmaly. Düzüminde bar bolan palmit kislotasy, aşa köp iýmitlenmek bilen zäherli täsire sebäp bolup biler: süňk dokumalarynyň ýok edilmegi, metabolik bozulmalar we beýniniň işjeňliginiň peselmegi. Şeýle hem palma ýagyny 200 gradus ýa-da ondanam köp gyzdyrylanda onda kanserogenler, zyýanly efirler emele gelýär. Süýt önümleriniň ýany bilen palma ýagyny ulanmak saglyk üçin howply. Şol bir wagtyň özünde, ýag köplenç konditer önümleri we desertler, ýarym taýýar önümler, dürli souslar öndürmekde ulanylýar. Süýji keseli we semizlikden ejir çekýänler palma ýagyny öz içine alýan önümlere seresap bolmalydyrlar.
Palma ýagy lukmançylykda
Önümiň ýokumly profilini we elýeterliligini göz öňünde tutup, onuň lukmançylykda işjeň ulanylýandygy ýönelige däldir. Palma ýagy deri kesellerinde, çişme proseslerinde, bogun kesellerinde, ganazlygyň, sowuklamanyň, Alsgeýmer keseliniň öňüni almak üçin giňden ulanylýar. Stomatologiýada önüm dokumanyň çişmegini azaldýan täsiri üçin ulanylýar. Käbir ýagdaýda palma ýagynyň, sosna we lawanda suwunyň, üzüm tohumynyň garyndysyny ulanmak oňyn ýardam edýär.
Abat HALMEDOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.