Azyklyk maksady bilen ulanylýan deňiz önümleri ençeme ýurtlarda ilatyň iň bir köp isleg bildirip sarp edýän önümleridir. Bilermenler deňiz önümlerini yzygiderli iýýän adamlaryň artykmaç agramdan we dürli kesellerden ejir çekme derejesiniň belli bir möçberde azalýandygyny, özlerini gowy duýýandyklaryny, ýatkeşliginiň has gowulanýandygyny öňe sürýärler. Deňiz suwunyň düzümi adam ganynyň düzümine gaty ýakyn bolansoň, bize gerek bolan ähli minerallary gysga wagtda özünde toplap bilýändigini ylym subut edýär.
Deňziň ýaşaýjylarynyň iň baý elementleri sanalanda ilkinji nobatda ýody ýatlamak zerurdyr. Deňiz suwunda bu element köp mukdarda saklanýar. Deňizden uzakda ýaşaýan ilat bolsa bedende ýod ýetmezçiliginde ýodly dermanlary peýdalanmaga we ýodlanan duzy ulanmaga mejbur bolýarlar. Ýod beýniniň kadaly işlemegi üçin örän möhümdir, mysal üçin çagalykda onuň ýiti ýagdaýda ýetmezçilik etmegi intellektual ösüşiň yza galmagyna sebäp bolýar. Saglygymyz üçin omega-3 we omega-6 ýag kislotalary - tebigy immunostimulantlar we antidepressantlar hem möhümdir. Şol sebäpli deňiz önümlerini azyklyk hökmünde ýygy-ýygydan peýdalanmak saglygymyz üçin peýdalydyr.
Akyl işjeňligi üçin - Laminariýa
Deňizde ösýän ösümlikler, aýratyn hem suwotylar has-da peýdalydyr, olar ýoduň zerur bolan gündelik kadasyny öz içine alýar. Suwotylardan laminariýa suwotusy hem şeýle ýokumly maddalara baý bolup, ol akyl işjeňligine oňyn täsirini ýetirýär.
Sagdyn gan damarlary we beýni üçin deňiz leňňeçleri
Planktonlar bilen bilelikde deňziň ýüzünde köp mukdarda ýüzýän ownuk, 0,5 santimetre çenli ululykdaky deňiz leňňeçleri bar. Olar örän ýokumly we şol bir wagtyň özünde ondaky belok aňsat siňdirilýär we ýag hem omega-3 doýgun ýag kislotalary görnüşinde bolýar, esasanam holesteriniň derejesini peseltmäge kömek edýär. Ondaky trigliseridler fosfolipidler, beýni, öýjük membranalary we bagyr üçin iň möhüm gurluşyk materialydyr.
Stress ýagdaýyny azaltmak üçin krewetkalar
Olarda witamin B12 köp saklanýar. Hut şu witamin hem nerw ulgamy üçin peýdalydyr, esasanam işde we durmuşda B12 witamini stress ýagdaýyny azaltmagy üpjün edýär.
Ganazlygy bejermek üçin deňiz mollýuskalary
Bu molýuskalarda kobalt elementi saklanýar, onsuz B12 witamini sintez edilip bilinmez. Şeýle hem, ol gan damarlarda kislorod daşaýan gyzyl gan öýjükleriniň emele gelmegine gatnaşýar.
Güýçli energiýa üçin ustrisalar
Olarda örän köp mukdarda sink bar. Ol beden üçin möhüm gormon bolan testosteronyň öndürilmegine itergi berýär. Şeýle hem, ustrisa iýmekligiň çiş keselleriniň döremeginiň öňüni alýandygy ylmy taýdan subut edildi. Güýçli süňkler üçin leňňeçler, gyrgyçlar we pyrryldaklar.
Gözel ALTYBAÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň 1-nji ýyl talyby.