logo

Soňky täzelikler:
✦ “Aşgabat – Daşoguz” awtomobil ýoluny gurmak barada şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi ✦ ✦ Türkmen önümleri Şanhaýdaky halkara sergide tanyşdyrylýar ✦ ✦ Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystana iş sapary tamamlandy ✦ ✦ «Ykbal öwrümi»: Dursun Tekäýewa bilen täsirli söhbetdeşlik ✦ ✦ Aýdym-sazly okuw maslahaty geçirildi ✦ ✦ Adam hakdaky alada ✦ ✦ Sanly gurşawyň ähmiýeti ✦ ✦ Biodürlüligiň goragynda ✦ ✦ Aşgabatda Hytaý suratkeşleriniň we fotosuratçylarynyň sergisi açyldy ✦ ✦ Malaýziýanyň HELMS Geomarine kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦
Baş sahypa / Oba hojalygy /Daşoguz welaýatynda pagta ekişine badalga berildi
  28.03.2024
935
Daşoguz welaýatynda pagta ekişine badalga berildi

27-nji martda Daşoguz welaýatynyň ekerançylary gowaça ekişine girişdiler. Ýurdumyzyň demigazygynda ýerleşýän bu sebitinde şu ýyl 140 müň gektar meýdana gowaça ekildi we ekilen ýerlerden ak altyn hasylynyň 275 müň tonna hasylyny almaklyga garaşylýar. Bu barada “Türkmenistan”elektron gazeti habar berýär. Bu ýerde toprak-howa şertlerine laýyklykda, gowaça ekişi ýurdumyzyň beýleki sebitlerinden biraz giç başlanýar.

 

 

Asylly däbe görä, hormatly ýaşulular gowaça ekişine ak pata berdiler. Welaýatyň ekerançylary, esasan pagtanyň “Daşoguz — 120”, “Daşoguz — 114”, “Gubadag — 3”, “Jeýhun”, “S-4727”, “F-149”, “Ýolöten — 39” ýaly orta süýümli görnüşlerini ösdürip ýetişdirýärler. Sebitiň meýdanlaryny ekişe taýýarlamak we gowaça ideg etmek üçin döwrebap tehnikalaryň, şol sanda dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalaryndan satyn alnan kuwwatly tehnikalaryň uly toplumy bardyr.

 

 

Şu ýyl welaýat boýunça pagta ekiji tehnikalaryň 454-si, dürli kysymly traktorlaryň 2200-den gowragy we 19 müňden gowrak oba hojalyk iş gurallary peýdalanyldy.

 

 

Ekijiler we beýleki oba hojalyk tehnikalary ekişiň bökdençsiz geçirilmegini üpjün etdiler. Mundan başga-da, göçme ussahanalar, kebşirleýji enjamlar, ýangyç daşaýan awtoulaglar bilen üpjün edilen toparlar hem döredildi. Bularyň hemmesi geljekki hasylyň ygtybarly binýadyny tutýan meýdan işleriniň bökdençsiz alnyp barylmagyna mümkinçilik berer. Gowaça ekişi bilen baglanşykly Şabat etrabynyň Biruny adyndaky daýhan birleşikde, dürli tagamlary taýýarlanyp aýdym sazly dabara geçirildi.

  

Wepa Hazirow,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.