Adamlaryň ýaşaýşy daşymyzy gurşap alan tebigatyň ýagdaýyna, onuň bilen sazlaşykly gatnaşyklaryna, tebigy baýlyklary tygşytly we rejeli peýdalanyşyna baglydyr. Ýurdymyzda amala aşyrylan özgertmeler tebigatdaky deňagramlylygy saklamaga mümkinçilik berýän sazlaşykly gatnaşyklary tapmaga gönükdirilendir. Daş-töweregimizdäki gurşawy we tebigaty gorap saklamak hem-de tebigy baýlyklarymyzdan rejeli peýdalanmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryndan biridir. Şuňa laýyklykda, ýurdumyzda we halkara derejesinde ekologiýanyň goralmagyna hem-de durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilen çäreler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ekologiýa syýasatynyň baş maksady halkymyzyň arassa daşky gurşawda ýaşamagyny üpjün etmekdir.
Tebigat – ynsanyň öýüdir. Tebigat diýenimizde, ilkinji nobatda, daşymyzy gurşap alan ösümlik dünýäsi göz öňüňe gelýär, çünki nirede tebigat ösümlik dünýäsine baý bolsa, şol ýerde-de dem alýan howamyz arassa we tämiz, hoştap we jana şypalydyr. Şonuň üçin tebigat ynsanyň sagdyn, bagtyýar ýaşaýşynyň kepili bolup çykyş edýär.
Türkmenistanyň Konstitusiýasynda her bir raýatyň arassa daşky gurşawda ýaşamaga bolan hukugynyň kepillendirilmegi bilen birlikde, ýurdumyzyň tebigy serişdelerini rejeli ulanmaga hem-de daşky gurşawy goramaga her bir raýatyň borçludygy bellenilýär. Adamyň tebigata bolan gatnaşygy ynsanperwerlik duýgularynyň derejesini görkezýär. Tebigata söýgi, oňa aýawly çemeleşmek, ol hakda alada etmek adam üçin terbiýe mekdebi bolup hyzmat edýär. Tebigat ösüp gelýän ýaş nesilde watansöýüjilik, zähmetsöýerlik, ynsanperwerlik, arassa ahlaklylyk ýaly ajaýyp häsiýetleri kemala getirmekde bahasyna ýetip bolmajak terbiýe mekdebi bolýan bolsa, ynsan saglygynyň goragynda sagaldyş ähmiýetli, taplaýjy-berkidiji, bejergi maksatly hem baý ulgamdyr. Tebigatyň goralmagy, arassalygy we gözelligi barada ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda alada edip gelipdirler. Muňa Oguzhan atamyzyň ýer-toprak hakynda aýdanlary-da, tebigaty baýlaşdyrmak, gözelleşdirmek barada geçiren çäreleride aýdyň mysal bolup biler. Ata pendini keramatly mukaddeslik hasaplaýan nesillerimiz Oguz han atamyzyň öwüt-ündewlerini durmuşa geçirip gelipdirler. Geçen şöhratly taryhy ýolunda pederlerimiz adamyň özüni alyp barşynyň ulgamyna janly tebigaty gorap saklamagyň kadalarynyň we ýörelgeleriniň pugta ornaşmagyny gazanypdyrlar. Tebigatymyza aýawly çemeleşmek, olary peýdalanmakda ekologik düzgünleri berjaý etmek her birimiziň borjumyzdyr.
Agamät KAKYŞOW,
Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň
Daşoguz welaýat bölüminiň hünärmeni.