Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Somatoform bozulmalar we olaryň dartgynlylyk bilen baglanşygy ✦ ✦ “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” - durnukly we bagtyýar geljegiň kepili ✦ ✦ Nanotehnologiýalaryň lukmaçylykda ähmiýeti ✦ ✦ Bitaraplyk — Parahatçylygyň Binýady ✦ ✦ Magtymguly Pyragy – beýik akyldar ✦ ✦ Daşary ýurt Hukuk diplomlary üçin täze talaplar we üýtgeşmeler ✦ ✦ Türkmenistanyň saglyk ulgamynda sagaldyş-dikeldiş merkezleriniň orny ✦ ✦ Gahryman Arkadagyň eserleri ✦ ✦ Newroz - psihologiki durnuksyzlyk ýagdaýydyr. ✦ ✦ Ýylyň şygary mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Daşary ýurt dili otaglaryny döwrebaplaşdyrmak ugrunda
  13.11.2024
193
Daşary ýurt dili otaglaryny döwrebaplaşdyrmak ugrunda

Ýakynda Mary welaýat Baş bilim müdirligi tarapyndan welaýatyň mekdebe çenli çagalar edaralarynyň arasynda «Iň gowy daşary ýurt dili otagy» atly bäsleşik geçirildi.

 

Bu bäsleşik mekdebe çenli çagalar edaralarynda çagalara daşary ýurt dillerini öwretmegi kämilleşdirmek, çagalarda dünýä dillerini öwrenmäge bolan höwesleri artdyrmak, okuw otaglarynyň döwrebaplygyny we talabalaýyk saklanylyşyny gazanmak, täze tejribeleri ýüze çykarmak, çagalar üçin amatly we özüne çekiji gurşawy döretmek, şeýle-de Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyndan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen guraldy.

 

Degişli düzgünnama esasynda bäsleşikde hödürlenilen daşary ýurt dili otaglarynda çagalar üçin oňaýly şertleriň döredilişine, bezeg işleriniň ýerine ýetirilişine, otagyň usuly burçuna we ondaky görkezme, paýlama esbaplaryň, sanlylaşdyrylan serişdeleriň üpjünçiligine, mugallymyň otagy abzallaşdyrmaga we pedagogik taýdan bezemäge şahsy çemeleşmelerine we gözegçilik edişine, otagda zähmet çekýän pedagogik işgärleriň usuly işlerde gazanan netijelerine, çagalaryň şeýle otaglarda bilimleri özleşdirmekde gazananlaryna we beýleki ýagdaýlara baha berildi.

 

Şeýlelikde, emin agzalaryň geçiren seljermelerine laýyklykda, «Iň gowy daşary ýurt dili otagy» atly bäsleşigiň welaýat tapgyrynda Mary şäheriniň rus dilini çuňlaşdyryp öwredýän 21-nji çagalar bakja-bagynyň rus dili otagy (mugallymlar Maýsa Abdyýewa, Aýna Atajanowa) hem-de Tagtabazar etrabynyň 3-nji çagalar bakja-bagynyň daşary ýurt dili otagy (mugallym Akbegenç Akmuhammedowa) has tapawutlanyp esasy ýeňijiler hökmünde saýlandy. Bäsleşige gatnaşan beýleki daşary ýurt dili otaglary hem-de orunlara eýe bolan ýeňijiler höweslendirilip, bäsleşik guramaçylykly we netijeli jemlendi.

 

Ýurdumyzda ýaş nesilleriň döwrebap bilim-terbiýe almagy we daşary ýurt dillerini mynasyp öwrenmäge girişmekleri, pedagogik işgärleriň tejribeleriniň artdyrylmagy babatda ähli mümkinçilikleri we şertleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyzy aýdýarys!

 

Aýna NURÝAGDYÝEWA,
Mary welaýat Baş bilim müdirliginiň baş hünärmeni.